Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň hökümeti agyr krizisde


Pakistanyň premýer-ministri Ýusaf Raza Gilaniniň (çepde) koalisiýasy häzir 342 orunlyk parlamentdäki 163 orny öz elinde saklaýar.
Pakistanyň premýer-ministri Ýusaf Raza Gilaniniň (çepde) koalisiýasy häzir 342 orunlyk parlamentdäki 163 orny öz elinde saklaýar.

Pakistanyň hökümeti 2008-nji ýylyň martynda häkimiýet başyna geleli bäri iň agyr krizisi başdan geçirýär.

“Jamiat Ulema-e-islam fazal” we “Muttahidda Kaumi hereketi” atly partiýalaryň hökümet koalisiýasynyň düzüminden çykmagyna garamazdan, “Pakistanyň halk partiýasy” hökümet başynda galjaga meňzeýär.

Pakistanyň premýer-ministri Ýusaf Raza Gilaniniň koalisiýasy häzir 342 orunlyk parlamentdäki 163 orny öz elinde saklaýar. Ýusaf Raza Gilaniniň häkimiýetde galmagy üçin oňa parlamentdäki 172 ýeri eýelemek zerur. Häzir premýer-ministr Pakistanyň Musulmanlar ligasynyň “Nawaz” we “Kuaid” fraksiýalary bilen hem gepleşik geçirýär.

“Nawaz” we “Kuaid”

91 deputatly “Nawaz” fraksiýasy parlamentdäki ikinji uly topardyr. “Kuaid” fraksiýasynyň bolsa 50 deputaty bar. “Kuaid” fraksiýasy hökümete goşulmaga taýýar ýaly bolup görünýär. Sebäbi bu fraksiýanyň mundan başga, hat-da täze saýlawlar geçirläýende-de, hökümet ygtyýarlygyny ele almak mümkinçiligi boljaga meňzänok.

Başga bir tarapdan, “Nawaz” fraksiýasy häzirki hökümete tankydy, kä halatlarda bolsa juda tankydy garaýar. Ýöne, muňa garamazdan, “Nawaz” fraksiýasy häzirki hökümetiň göni garşysyna çykmaga het edip bilmändi, sebäbi ol demokratik prosese soňuna çenli gatnaşmagy niýet edinýär. Şeýle-de ol indiki saýlawlarda ymykly ýeňiş gazanjagyna umytly görünýär.

“Jamiat Ulema-e-islam” we “Muttahidda kaumi hereketi” partiýalarynyň koalisiýadan çykmagy belli bir derejede hökümeti sarsdyran hem bolsa, bu iki partiýa bilelikde parlamentdäki 33 orny eýeleýär. Bu ýagdaýda, güýçli oppozisiýanyň döredilmegine garaşmak manysyz.

Şeýle-de biri-biri bilen bäsleşýän “Nawaz” we “Kuaid” fraksiýalarynyň oppozisiýa geçen partiýalara goşulmak mümkinçiligi hem az hasaplanýar.

Kime bagly?


Yslamabatda ýaşaýan syýasy analizçi Salim Safiniň aýtmagyna görä, häzir hökümetiň geljegi “Nawas” we “Kuaid” fraksiýalaryna bagly bolup galýar. “Eger-de bu iki fraksiýanyň haýsam bolsa biri hökümeti goldamagy karar etse, onda häzirki hökümet öz işini dowam eder” diýip, S.Safini aýtdy.

Syýasy analizçi Nazeer Najeeniň aýtmagyna görä, häzirki hökümetiň durnuksyz ýagdaýa düşmegi tutuş sistemany howp astyna salyp biler. N.Najeeniň bu pikirinden meselä harby güýçleriň goşulmak mümkinçiligi baradaky manyny hem çykaryp bolar.

Emma Salim Saffi beýle mümkinçiligiň bolup biljekdigine şübhelenýär. Onuň pikirine görä, beýle howatyrlanmalar dildüwşük teoriýalary hökmünde ýurduň mediasynda we syýasy durmuşynda mydama-da bar.

“Harbylar goşulmaz, sebäbi, ozalky döwür bilen deňeşdirilende, häzir hatda oppozision partiýalar hem wakalaryň bu ugur boýunça ösmegini islemeýär” diýip, S.Safini Azatlyk Radiosynyň Maşaal gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Dawut Hattak Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Maşaal gullugynyň žurnalisti. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG