Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2011-nji ýyl boýunça global töwekgelçilikler


Dünýäde ykrar edilen iň ýokary güýjüň bolmazlygy iň esasy töwekgelçilikmi?
Dünýäde ykrar edilen iň ýokary güýjüň bolmazlygy iň esasy töwekgelçilikmi?
“G-Zero” adalgasy – dünýäde ykrar edilen iň ýokary güýjüň bolmazlygy - 2011-nji ýyl boýunça geosyýasy töwekgelçilikleriň iň esasysy bolar. Bu çaklamany Nýu Ýorkda ýerleşýän syýasy konsultasiýa edarasy bolan Ýewraziýa Topary öňe sürýär.

Guramanyň hasabatyna görä, bu syýasy ýagdaý 2011-nji ýylda beýleki töwekgelçilikleriň hem ählisini ýokarlandyrýar. Bularyň arasyna Ýewropadaky ykdysady krizis we Demirgazyk Koreýanyň prowokasiýalaryna we oňa edilýän halkara basyşlara Hytaýyň jogap bermek islegsizligi hem girýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Nýu Ýorkdaky habarçysy Nikola Krastew bu barada Ýewraziýa Toparynyň prezidenti Ian Bremmer bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hasabatda siziň “G-Zero” diýip atlandyrýan adalgaňyz bar. Ol adalga görä, dünýäde ykrar edilen iň ýokary güýjüň bolmazlygyna global syýasy krizisleriň birinjisi hökmünde garalýar. Siz bu täze reallygy nähili suratlandyrýarsyňyz?

Ian Bremmer
Ian Bremmer:
Eger-de biz dünýäniň häzirki ýagdaýyna syn etsek, onda biz dünýäniň gurluşynyň gaty çalt depginde özgerendigini göreris, şol bir wagtda-da, hatda Sowet Soýuzynyň dargamagy-da täze dünýä tertibini döretdi diýip bolmaz.

Sowet Soýuzynyň dargamagy G7+1 döwletler toparynyň döremegine getiripdi. Bu hem öz gezeginde globallaşmanyň tizligini güýçlendirdi, sermaýa ýatyryp boljak täze döwletleri döretdi, Ýewropany has kuwwatlandyrdy, ýöne globallaşma eýýäm başlanypdy, onuň diňe depginleri çaltlandyryldy.

“G-Zero” diýip atlandyrýan geosyýasy ýagdaýymyz ygtybarly halkara liderlik ugrunda globallaşma bilen bäsleşýär. Bu-da täze dünýäniň gurluşydyr, hut şu sebäpli-de altyn şeýle gymmat we hut şu sebäpli guramalar uly möçberdäki pullaryny dolanyşykdan çetde saklaýarlar. Sebäbi dünýäniň bu täze tertibiniň nähili netije berjegi belli däl.

Azatlyk Radiosy: Postsowet ýurtlarynyň hiç biri global geosyýasy töwekgellik sanawyna girmändir. Muňa gowy habar hökmünde garap bolarmy?


Ian Bremmer: Menden juda köp soralýan soraglar şulardan ybarat: Siz Orsýetde golaýlaýan saýlawlarda Wladimir Putiniň täzeden prezident bolmagyna garaşýarsyňyzmy? Dimitriý Medwedew häkimiýet başynda galarmy?

Men bu soraglara şeýle jogap berýärin: siz muny näme üçin alada edýärsiňiz? Sebäbi bu ýagdaýda Orsýetiň ýokarky häkimiýetinde ýakyn geljekde durnuklylygyň saklanjagyny çaklamak bolýar. Il arasynda nähili gürrüň edilse edilibersin, Putin bilen Medwedew juda sazlaşykly işleýär. Bu ýagdaý mundan beýläk-de dowam eder.

Emma gyzykly ýeri – bu diňe Orsýetiň töwekgellik sanawynda bolmazlygyny däl, eýse çalt depginde ösýän ýurtlaryň sanawyna girýänleriň hiç biriniň döreýän möhüm bazarlaryň hiç biriniň howp astynda däldigini aňladýar. Hakyna seredilse, öz täze prezidenti Dilma Roussef bilen Braziliýa-da, Hindistan-da we hatda Hytaý hem howpdan daşarda. Hytaýyň ýekeje howpy bar: bu-da onuň juda çalt depginde ösmegi, durnuklylygy we ululygy zerarly dünýäniň beýleki bölegi üçin möhüm sistemalaýyn howplary döretmegidir.

Azatlyk Radiosy: Nebitiň bahasynyň üýtgäp durmagy Orsýetiň syýasy durnuklylygyna nähili täsir ýetirýär?


Ian Bremmer: Orsýetdäki geosyýasy durnuklylygyň esasy sebäpleriniň biri onuň has howpsuz bolmagydyr. Munuň bir bölegi hem, siziň belleýşiňiz ýaly, ykdysady howpsuzlykdyr, ýöne başga-da onuň syýasy we geosyýasy durnuklylygy bar.

Meniň diýjek bolýanym, Birleşen Ştatlara we Ýewropa Bileleşigine görä kuwwatynyň pes bolmagyna garamazdan, Ýewraziýa sebitinde Moskwanyň täsiri agdyklyk edýär. Bu Gürjüstan bolsun ýa-da Gyrgyzystan, Urkaina ýa-da Belarus – tapawudy ýok, bu barada gürrüň edilende, Moskwa özüni juda arkaýyn duýýar. Indi olaryň NATO-nyň giňeldilmegi barada hem alada galmagyna esas ýok, olar raketa hüjümlerinden goranyş sistemalary barada-da alada edip oturmaly däl, amerikanlar öz harby pudagy üçin az maliýe ýatyrýar. Indi Ýewropa Orsýeti gowşatmaga synanyşýar, ýöne olaryň häzir öz kelle agyrysy hem ýetik. Şu sebäpli, meniň pikirimçe, Orsýetiň öz geosyýasy ýagdaýyndan juda arkaýyn bolmaga esasy bar.

Azatlyk Radiosy: Eýranyň 2011-nji ýylda geosyýasy töwekgellik sanawyna girmezligi juda geň galdyryjy. Siz bu netijä nädip geldiňiz?

Ian Bremmer: Eýran bu ýyl howp-hatardan sowuljaga meňzeýär. Biziň pikirimizçe, Eýran öz ýadro meselesi boýunça Günbatar bilen diplomatik gatnaşyklaryny dowam eder. Şeýle-de biz diplomatik öňegidişlik bolar diýip çaklamaýarys. Şol sebäpli Birleşen Ştatlar gadaganlyklaryň girizilmegi ugrundaky tagallalaryny dowam eder. Bu beýleki döwletlerdenem goldaw tapdy. Geçen hepde Hindistan hem muňa goşuldy. Şonuň üçin Eýrana garşy hüjümler barada gürrüň etmezden ozal, köp zatlar barada oýlanmagymyz gerek.
XS
SM
MD
LG