Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýa basyş güýçlenýär


Täze kanuna görä, Wengirýada metbugatyň, radio-telewideniýe we internet mediasynyň üstünden häkimiýetler kontrollyk etmeli.
Täze kanuna görä, Wengirýada metbugatyň, radio-telewideniýe we internet mediasynyň üstünden häkimiýetler kontrollyk etmeli.
Wengriýadaky jedelli media kanuny baradaky gahar-gazap öz täsirini ýetirene meňzeýär. Häzir Ýewropa Bileleşigine prezidentlik edýän Wengriýa zerur bolan ýagdaýynda özüniň bu kanuny üýtgetjekdigini bildirdi.

Premýer-ministr Wiktor Orban Budapeştde halkara žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda bu kanun häzirki formasynda kabul ederliksiz diýlip pikir edilýän bolsa, hökümetiniň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygny aýtdy.

Brýusselde dabara geçirilip, Bileleşigiň prezidentligi resmi taýdan Belgiýadan Wengriýa tabşyrylmazyndan sanlyja sagat öň Orban: “Biz Ýewropa Bileleşiginiň bir bölegi. Oýunda hem ýerine ýetirilmeli düzgünler bar” diýdi.

Orban Franisýa bilen Germaniýa ýaly ýurtlary göz öňünde tutup: “Bu bir belli ýurtlara degişli zat däl-de, Ýewropa Bileleşiginiň meselesi. Wengriýa öz kanunlaryny üýtgetmeli bolsa, onda beýleki ýurtlar-da bu işi etmeli” diýdi.

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň aglabasy, ilkinji nobatda hem Fransiýa bilen Germaniýa tarapyndan ýiti tankytlanan bu kanuny premýer-ministr Orban ozal ençeme hepdeläp gorap geldi.

“Tapawutly däl”

Bu kanun boýunça metbugatyň, radio-telewideniýe we internet mediasynyň üstünden häkimiýetler kontrollyk etmeli. Wengriýanyň hökümeti: “Bu kanun beýleki Ýewropa ýurtlaryndaky media kanunlaryndan tapawutly däl” diýýär.

Wengriýanyň hökümetiniň sözçüsi Anna Nagy muny çarşenbe güni şeýle düşündirdi: “Siz bu ýerde aýdylýan zatlara göz aýlasaňyz – tankytlaýanlar muny ederler diýip hem umyt edýärin – onuň içindäki her bir elementiň Şwesiýa, Fransiýa we Britaniýa ýaly Ýewropa ýurtlarynyň media kanunlarynda bardygyny görersiňiz”.

Emma tankytçylaryň garaýşyça, bu kanun žurnalistikany Sowet döwründäki ýagdaýa getirmek üçin edilýän iş. Bu kanun wengriýaly žurnalist Gabor Szabai ýaly adamlary gahar-gazaba mündirýär.

“Döwletiň azatlygyna howp abanmagy ýaly möhüm ýagdaýlarda hökümetiň media erkinligine garyşmagyny biz belle bir derejä çenli, elbetde, kabul edýäris. Ýöne beýleki ýagdaýlaryň hiç birinde olaryň eli bolmaly däl” diýip, Szabai aýdýar.

Berk reaksiýa

Täze kanuna halkara jemgyýetçiligi-de berk reaksiýa görkezdi. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy: “Bu kanun media erkinligi baradaky ölçeglere ters. Ol tankydy mediany we ýurtda umumy çekişmeleri dymdyryp bilýär” diýdi.

Täze kanun Ýewropada köp ýurtlar tarapyndan tankytlandy welin, ýöne ýiti tankyt Germaniýadan geldi. Bu ýerde daşary işler ministriniň orunbasary Werner Hoýer: “ÝB-niň gündogar hyzmatdaşlygyna degişli ýurtlar bilen media meselesinde gepleşik geçirmäge Wengriýa rusgat berilmeli däl” diýdi.

Ýewropa Komissiýasy hem täze kanun barada barlag işlerini ýola goýdy. “Men wenger häkimiýetlerinden bu ýagdaý hakda şek-şübhäni aradan aýryp, aýdyňlyk getirmeklerini isleýärin. Men bu mesele barada premýer-ministr Orban bilen gürleşerin” diýip, Komissiýanyň başygy Joze Manuel Barroso aýtdy.

Wegriýanyň jedelli kanuny Ýewropa Bileleşigini biynajyk etdi. Onuň demokratiýa we söz azatlygy barady umumy prinsiplerine garşylyk görkezek agza ozal ýokdy.
XS
SM
MD
LG