Eýranyň demirgazyk-günbatarynda, Urmiýa şäheriniň golaýynda betbagtçylyga uçran uçardaky ýolagçylaryň azyndan 70-si heläk bolup, 32-si ýaralandy diýip, IRNA agentligi habar berdi.
Gyzyl Haç guramasynyň wekili Haýdar Haýdarynyň sözlerine görä, heläk bolanlaryň sanynyň artmagy mümkin.
Uçarda 100 gowrak ýolagçy we ekipaž agzalary bardy. Öň 50 adamyň diri galandygy habar berlipdi.
“Iran Air” döwlet kompaniýasyna degişli uçar Tährandan Urmiýa şäherine barýardy.
Bu betbagçylyk goýy ümür hem güýçli gar ýagýan wagty ýüze çykdy. Ýaramaz howa şertleri halas ediş işlerine-de päsgelçilik döredýär.