Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adalat ministrine käýinç berildi


Türkmenistanyň Adalat ministrligi
Türkmenistanyň Adalat ministrligi
Türkmen telewideniýesi 6-njy ýanwarda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adalat ministri Myrat Garryýewe işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin käýinç berendigini habar bermek bilen çäklendi.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýurduň beýleki habar serişdelerinde-de Myrat Garryýewe käýinç berilmeginiň anyk sebäpleri barada hiç hili maglumat berilmändigini aýtdy.

Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Habar serişdelerinde bu barada anyk zat berilmedi. Türkmen metbugatynda-da, türkmen teleradiosynda-da ýagdaý şeýleräk-dä. Garryýew meselesinde-de, anyk zat aýdylmady, bizä şoňa gabat gelmedik».

Prezident tarapyndan ýokary derejeli çinowniklere käýinç berlende ýa-da olar wezipelerinden çetleşdirilende olaryň etmişleri ýa kemçilikleri barada anyk maglumatlaryň berilmezligi soňky wagtlar Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň bir bölegine öwrülen ýaly görünýär. Beýle ýagdaýlar bolsa, ýurduň içinde-de, ýurduň daşynda-da dürli hili çaklamalaryň döremegine sebäp bolýar.

Käbir ýerli ýaşaýjylar Türkmenistanda çinownikleriň öz wezipe borçlaryny diňe bir kemter ýerine ýetirmekleriniň däl, eýsem käte has başarjaň ýerine ýetirip, çakdanaşa inisiatiwa görkezmekleriniň hem olaryň wezipelerinden gitmeklerine sebäp bolup bilýändigini aýdýarlar.

Eýsem, adalat ministri Myrat Garryýew özüniň aşa inisiatiwalylygy ýa özpikirliligi üçin prezidentiň berk käýinjine sezewar bolandyr diýip çaklap bolarmyka? Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew beýle pikir etmek üçin kän bir esasyň ýokdugyny belleýär. Ol: “Garryýew inisiwatiwaly ministrlerden däl. Ol bir ýumuş oglanlygy başarýan adam. Dogumlyrak ýolbaşçy bolan bolsa, dogumlyrak hereket eden bolsa, bizem şoňa buýsanjak, bizem duýgudaşlyk etjek welin, şoň bardygy-ýokdugam adatça göze ilenok” diýýär.

2008-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmeklige taýýarlyk görülýän günlerinde adalat ministri Myrat Garryýewiň prezident G.Berdimuhamedowa wepaly boljakdygyna söz berip eden çykyşyna üns berseň, ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň bu aýdýanlarynyň jany hem ýok däl ýaly görünýär.

Hökümete degişli bolmadyk guramalar

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary soňky wagtlar prezidentiň inisiatiwasy bilen ýurtda hökümete degişli bolmadyk guramalary we şirketleri hasaba almak prosedurasynyň görnetin ýeňilleşdirilendigini, emma, muňa garamazdan, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň sanynyň welin artyp barmaýandygyny habar berýärler. Olaryň pikiriçe, Myrat Garryýewiň işine bildirilen soňky nägilelikleriň Adalat ministrliginiň hut şu ugurda öz işini talabalaýyk alyp baryp bilmeýändigi bilen baglanyşykly bolmagy-da mümkin.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hem şeýle çak etmäge esaslaryň ýok däldigini belläp, şeýle diýýär: «Soňky wagtlar ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmileri Türkmenistanda hökümete garaşly bolmadyk jemgyýetçilik guramalarynyň işine giň ýol açmak hakynda Adalat ministrliginde-de, Daşary işler ministrliginde-de uly gepleşikler geçirdiler. Şonuň netijesinde-de Berdimuhamedow olara köp wadalary berdi. Belki, amerikan we beýleki daşary ýurt resmileriniň Türkmenistandaky kanunçylyga Adalat ministrliginiň sowuk-sala çemeleşýändigi hakynda prezidente şikaýat eden bolmaklary-da mümkin».

Adam hukuklaryny goraýjy «Human Rights Watch» we «Amnesty International» guramalary ýaly köpsanly halkara guramalary Türkmenistanda graždan jemgyýetiniň ösüşiniň hem berk çäklendirmeleriň astyndadygyny öz hasabatlarynda yzygiderli belläp gelýärler.

Sosial, hukuk, tebigaty goramak ýaly meseleler boýunça iş alyp barjak raýat jemgyýeti guramalarynyň peýda bolmagy bolsa, köp derejede, Adalat ministrliginiň döredýän şertlerine, onuň alyp barýan iş syýasatyna bagly bolup durýar.

Käbir ýerli synçylar, şol sanda, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hem Türkmenistanyň prezidentiniň Myrat Garryýewe geçen hepde beren berk käýinjiniň onuň Adalat ministrliginiň işini döwrebap ýagdaýda gurnamak ugrunda edýän synanyşygy bolmagy mümkin diýip umyt edýändiklerini bildirdiler.
XS
SM
MD
LG