Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton: “Eýrana garşy sanksiýalar netije berýär”


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň aýtmagyna görä, Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalar Tähranyň ýadro programmasyny dowam etdirmegini kynlaşdyrypdyr.

Klinton bu çykyşyny duşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabide etdi. Onuň aýtmagyna görä, tehnologiýa boýunça çekýän kynçylyklary sebäpli, Tähranyň alyp barýan ýardo işleri bellenilen möhletden yza galýar.

Emma, muňa garamazdan, Hillari Klinton Eýrana garşy basyşy dowam etdirmäge çagyryş etdi. Klintonyň bellemegine görä, Eýran ýadro ýaragyny edinse, onda bu ýagdaý sebitdäki ýaraglanyşygyň ösmegine getirer.

Hillari Klinton Birleşen Arap Emirliklerine, Omana we Katara bäş günlük sapar edýär.
XS
SM
MD
LG