Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak ministri hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Robert Geýtsiň aýtmagyna görä, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk iki döwletiň arasynda döräp biljek düşünişmezlikleriň öňüni alar.

Robert Geýts bu barada Hytaýyň goranmak ministri Lýang Guangle bilen Pekinde geçiren gepleşiginden soň aýtdy.

Waşington bilen Pekiniň harby hyzmatdaşlygy soňky ýyllaryň dowamynda gowşapdy. Munuň esasy sebäpleriniň biri ABŞ-nyň Taýlanda 6,4 milliard dollarylyk ýarag satmak plany boldy diýlip, çak edilýär.

Lýang Guangleniň aýtmagyna görä, Hytaý öz harby pudagyna köp mukdarda pul ýatyrsa-da, ýurduň ýaragly güýçleri dünýäniň beýleki ösen döwletleri bilen deňeşdirlende onlarça ýyl yzda barýar.

Şeýle-de Hytaýyň harby pudagynayň özgermegi dünýä üçin howp döretmeýär diýip, Hytaýyň goranmak ministri sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG