Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksika aýlagynda bolan heläkçiligiň sebäpleri anyklandy


Geçen ýylyň aprel aýynda Meksika aýlagyndaky nebit çykarýan platformada bolan betbagtçylygyň sebäplerini derňeýän Ak tamyň komissiýasy “nebit skwažinasy ulanylanda Britiş petroleum kompaniýasy we onuň partnýorlary tarapyndan ençeme gödek ýalňyşlyklar goýberilipdir” diýen netijä geldi.

“Şol bir wagtyň özünde-de 11 adamyň ölümine we ägirt uly möçberde ekologik zaýaçylyga getiren bu betbagtçylygyň jogapkärçiligini diňe bir kompaniýanyň üstüne atmak bolmaz” diýlip, komissiýanyň maglumatynda bellenýär.

“Bu ýerde gürrüň nebit senagatynda, şeýle-de federal hökümetiň sazlaýjy mehanizminiň işinde sistemalaýyn ýetmezçilikler barada barýar diýip, hasap edýäris” diýip, komissiýanyň agzasy senator Bob Grehem aýtdy.

Komissiýa kontinental ýalpaklarda nebit çykarmagyň kadalaşdyryş düzünlerini pugtalandyrmaga amerikan häkimiýetlerini çagyrdy.
XS
SM
MD
LG