Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Hytaý bilen arany sazlamak isleýär


ABŞ-nyň goranmak sekretary Robert Geýts (çepde) Hytaýyň prezidenti Hu Szintao bilen duşuşýar, 11-nji ýanwar.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Robert Geýts (çepde) Hytaýyň prezidenti Hu Szintao bilen duşuşýar, 11-nji ýanwar.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Robert Geýtsiň Hytaýa edýän sapary arkaly Waşington Pekin bilen arasynda dowam edýän harby dartgynlylygy köşeşdirmäge synanyşýar. Geýtsiň bu sapary Waşingtonyň Hytaýdan bölünen ada Taýwana bahasy ençeme milliard dollara barabar harby ejnamlary satmak baradaky karary kabul etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Mälim bolşuna görä, Waşingtonyň şol karary zerarly Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harby gatnaşyk togtadylypdy. Hytaýyň prezidenti Geýts bilen geçiren duşuşygyndan soňra eden çykyşynda bu saparyň iki ýurduň gatnaşygyny güýçlendirmäge we özara ynamy artdyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy.

10-nji ýanwarda Geýts öz Hytaýly kärdeşi bilen duşuşyp, garakçylyga we terrora garşy göreş hemem dürli tebigy betbagtçylyklardan gutulyş çäreleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ençeme iş toparlarynyň döredilenligini yglan etdi. Emma agzalýan duşuşykda ABŞ-nyň ýadro programmasy we raketadan goranyş ýaly tekliplerini goldap çykyş etmekden saklanylyp, bu teklibi diňe öwrenmek barada ylalaşylanlygy mälim edildi.

Özara düşünişmezligi aradan aýyrmak ýa onuň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin iki ýurduň arasynda harby gatnaşyklaryň artdyrylmagynyň zerurdygy barada hem ylalaşylanlygy bellenildi.

Özara ynamsyzlyk güýçli…

Emma agzalýan metbugat ýygnagynda Geýtsiň hytaýly kärdeşi Liýaň Guwaňleýniň eden çykyşyndan çet tutulsa, Pekiniň Waşingtona bolan ynamsyzlygy henizem dowam edýän bolmaga çemeli. Liýaň bu barada şeýle diýýär: ”Waşingtonyň Taýwana ýarag satmak baradaky meselesi boýunça Hytaýyň belli bir pozisiýasy bar. Biz şeýle herekete garşy. ABŞ-nyň Taýwana ýarag satmagy Hytaýyň bähbitlerine ýaramaz täsirini ýetirdi. Biz şeýle ýagdaýyň gaýtalanmagyny islemeýäris”.

“China Daily” atly gazetiň düýnki sanynda ABŞ bilen Hytaýyň arasynda dartgynlyga sebäp bolýan zatlar hakda çap edilen makalada “ABŞ-nyň Hytaýyň töwereginde ýerleşýän deňizlerde öz harby güýjüni artdyrmagy we Taýwana ýarag satmagy ýaly meseleler hakda pikir gozgalýar.

Hytaý ABŞ, Günorta Koreýa we Ýaponiýa üçüsiniň harbylarynyň bilelikde geçiren harby türgenleşigindenem närazy. Waşington bolsa öz nobatynda Hytaýyň öz harbylaryny döwrebaplaşdyrmak ugrundaky işlerinden hem-de Hytaýyň azat ediş armiýasynyň kuwwatynyň artdyrylmagyndan alada bildirýär.

Waşington aýratynam Hytaýyň öz günortasynda ýerleşýän deňziň eýeçiligi barada tutýan pozisiýasyna garşy çykyş edýän ýurtlaryň pikiri bilen hem ylalaşýanlygyny belleýär.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugynyň öňki ýolbaşçysy Robert Geýtsiň Hytaýdan soňra Ýaponiýa we onuň yzy bilen hem Günorta Koreýa sapar etmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG