Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä ýurtlaryndaky ykdysady azatlygyň görkezijisi çap edildi


ABŞ-nyň "The Heritage Foundation" strategik barlaglar instituty "The Wall Street Journal" gazeti bilen bilelikde 2010-njy ýyl boýunça dünýä döwletlerindäki ykdysady azatlygyň görkezijilerini çap etdi.

Azatlygyň derejesi 10 görkeziji esasynda kesgitlenýär. Olaryň arasynda biznes açmak we ony ýöretmek üçin şertler, daşarky söwda üçin ýurduň açyklygy, inwestisiýalar üçin amatly şertler, biznesiň umumy salgyt ýüki, şeýle-de korrupsiýanyň derjesi, emläk hukugynyň goralyşy, zähmet bazarynyň ösüşi ýaly ölçegler bar.

Ykdysady azatlyk boýunça birinji orny Hong Kong, ikinjisini Singapur eýeleýär.

Türkmenistana 183 döwletiň arasynda 169-njy orun berlipdir.
XS
SM
MD
LG