Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: tebigy gaz bilen adam hukuklarynyň arasynda


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso (çepde) we ÝB-niň energiýa komissary Günter Öttinger Bakuwda, 13-nji ýanwar, 2011-nji ýyl.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso (çepde) we ÝB-niň energiýa komissary Günter Öttinger Bakuwda, 13-nji ýanwar, 2011-nji ýyl.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso penşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda Ýewropa Bileleşiginiň Hazar regiony bilen gyzyklanmagynyň aňyrsynda ýatan esasy faktoryň energiýadygyny boýun aldy.

“Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz öz güýjüni berk ornaşan energiýa hyzmatdaşlygyndan alýar. Meniň delegasiýamda Ýewropa Bileleşiginiň energiýa komissary Günter Öttinger bardy. Biziň prezident Aliýew bilen möhüm gepleşigimiz boldy. Azerbaýjan bu ugurda biziň strategik partnýorymyz we ýaranymyz. Biz Azerbaýjanyň energiýa öndürýan we tranzit ýurt hökmünde oýnaýan möhüm roluna ýokary baha berýäris” diýip, Barroso aýtdy.

Bakuwda gol çekilen ylalaşyk “Nabukko” proýektini amala aşyrmak mümkinçiligini ýokarlandyrýar. Şeýdip, Ýewropa Hazar regionyndan göni ýangyç alyp biler. 3,300 kilometrlik “Nabukko” gaz geçirijisi Türkiýäniň üsti bilen Türkmenistandan, Azerbaýjandan we regionyň beýleki ýurtlaryndan Ýewropa gaz getirer.

Ýewropada sarp edilýän gazyň esasy bölegi häzir Orsýetden gelýär. 2009-njy ýylyň ýanwarynda Orsýetiň Ukraina berýän gazynyň kesilmegi netijesinde Ýewropa Bileleşiginde durýan ýurtlaryň birnäçesi gaz ýetmezçiliginden kynçylyk çekdiler. Şondan soň Ýewropa Orsýete garaşly bolmazlyk üçin başga ýollary agtaryp ugrady. “Nabukko” proýekti şu tagalla degişli.

Barroso Bakuwda wiza düzgüniniň hem ýeňilleşdiriljekdigini bildirdi. Ol bu hakda: “Biz wiza meselesini ýeňilleşdirmek ylalaşygy barada ýakyn gelejekde gepleşiklere başlarys. Bu azerbaýjan halkynyň Ýewropa Bileleşigine sapar etmegini aňsatlaşdyrar. Şeýlelikde biri-birine ýakynlaşmaly ýeke bazarlar däl, adamlar-da ýakynlaşmaly” diýdi.

Ýöne ýeňilleşdiriljek diýilýän wiza düzgüninden bu golaýda Türkmenistan peýdalanyp bilmeýär. Sebäbi ol Azerbaýjan ýaly Ýewropa Bileleşiginiň “Gündogar partnýorlygy we goňşuçylyk syýasaty” programmasyna degişli däl.

Barroso Bakuwdan Türkmenistana uçmazdan öň adam hukuklarynyň regiondaky ýagdaýy barada hiç bir zat aýtmady. Munuň hem Ýewropa Parlamenti bilen aşa pragmatik hereket edýän Komissiýanyň arasynda konflikt döretmegi mümkin.

Adam hukuklary

Ýöne Ýewropa Parlamentiniň Awstriýadan agzasy, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan boýunça delegasiýasynyň agzasy Hannes Swoboda: “Energiýa diýip, regionda adam hukuklarynyň bozulmagyny görmezlige salyp bolmaz” diýip, Azatlyk Radiosyny aýtdy.

“Bu bolup bilmez. Biz aýratyn-da Ýewropa parlamenti tarapyndan iki ýol saýlanylmaly diýip, hemişe aýdyp geldik. Öz raýatlarymyzyň adam hukuklary üçin energiýa, elbetde, möhüm mesele. Ýöne biz Azerbaýjanyň raýatlarynyň-da, has beteri Türkmenistanyň graždanlarynyň-da hukuklaryny äsgermezlik edip bilmeris. Biz söwda edip ýörkäk adam hukuklary meselesinde-de öz pikirlerimizi açyk aýdarys” diýip, Swoboda belledi.

Barroso Aşgabadyň aeroportynda garşylanýar, 14-nji ýanwar.
Ýewropa Parlamentiniň Daşary işler boýunça komitetiniň agzasy Hannes Swobodanyň aýtmagyna görä, Ýewroparlament Azerbaýjan we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hereket edýän halkara ylalaşyklaryň ählisini gözden geçirip, bu ýurtlardaky adam hukuklaryna üns bermegi üçin Ýewropa Komissiýasyna basyş eder.

“Eger häzir adam hukuklary gozgalmasa, onda biz muny Parlamentde gozgarys. Komissiýa bu ýagdaýyň kabul ederlikli däldigini bildireris. Men bu ýurtlar bilen energiýa boýunça hyzmatdaşlygyň, gowy gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň tarapyny tutýanlaryň biri. Men “Nabukko” proýektini goldaýaryn, emma bu ýurtlardaky adam hukuklaryny goraýjylara goldaw bermezden beýle zatlary etmerin” diýip, Hannes Swoboda aýdýar.

Ýöne gürrüň tebigy gaza gelende adam hukuklarynyň möhümdigine şübheli garaýanlar-da ýok däl. Bu Ýewropa Bileleşiginiň Moskwadaky öňki ilçisi, Ýewropanyň syýasy barlaglar boýunça merkeziniň (CEPS) ylmy işgäri, Orsýet boýunça ekspert Maýkel Emersonyň gelen netijesi.

“Dogry, energiýa howpsuzlygy ÝB-niň ileri tutýan maksatlarynyň biri. Dünýäde energiýa baý ýurtlaryň ählisi diýen ýaly awtoritar režimler. Hemmesinde hem adam hukuklarynyň ýagdaýy ýa gümürtik ýa-da ýaramaz. Sen muny halamasaň, onda özüňe ýeterlik energiýa özüňden önmeli” diýip, Emerson bu baradaky öz pikirini mälim edýär.

Barroso hat iberildi

Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy bolsa Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Türkmenistana barandan soň oňa açyk hat bilen ýüzlendi. Bu hatda türkmen türmesinde oturan adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler Annagurban Amangylyjowyň we Sapardurdy Hajyýewiň ýagdaýlaryna üns çekilýär. Olar 2006-njy ýylyň sentýabr aýynda tussag edilipdiler.

“Türkmenistan dünýäniň iň zalym we absolýut diktaturalarynyň biri tarapyndan dolandyrylýar. Dünýäden üzňelikde ýaşaýan bu ýurduň halky adam durmuşyna we mertebesine hormat goýmaýan polisiýa döwletiniň gol astynda ýaşaýar. Şu iki aktiwist ýaly adamlar režimiň duşmany hasaplanylýar we olar juda agyr sütemlere sezewar edilýärler” diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň açyk hatynda aýdylýar.

BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler baradaky iş toparynyň pikirine görä, Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewiň tussag edilmegi Adam hukuklary boýunça ähliumumy Jarnamanyň 9, 10, 11, 19 we 20-nji maddalarynyň hem-de Graždan we syýasy hukuklar boýunça halkara Konwensiýanyň 9, 14, 19, we 22-nji maddalarynyň bozulmagy bolup durýar.

“Şol sebäpli, türkmen häkimiýetleri bilen boljak duşuşyklaryňyzda Amangylyjowyň we Hajyýewiň meselesini galdyrmaga we olaryň tussaglykdan boşadylmagy boýunça ençeme graždan jemgyýetçiligi we halkara guramalar tarapyndan edilen ýüzlenmeleri gaýtadan gozgamaga çagyrýarys” diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso iberen hatyny jemleýär.

Brýusselde iş alyp barýan garaşsyz žurnalist Dan Alekseniň Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy üçin iberen goşmaça maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG