Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde awtoritarlyk güýçlenýärmi?


“Freedom House” guramasynyň ýokary derejeli wekili Kristofer Walker
“Freedom House” guramasynyň ýokary derejeli wekili Kristofer Walker

ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House”, ýagny “Azatlyk Öýi” guramasy 2010-njy ýyla syn edip, 13-nji ýanwarda 2011-nji ýyl boýunça ýyllyk hasabatyny ýaýratdy.

194 ýurdy we garaşsyzlygy halkara jemgyýetçiliginiň aglaba köpüsi tarapyndan heniz ykrar edilmedik käbir territoriýalary öz içine alýan şol hasabatda agzalýan ýurtlardaky syýasy hukuklaryň we graždan azatlyklarynyň ýagdaýyna baha berilýär.

Hasabatda Türkmenistan bilen bir hatarda beýleki sekiz ýurda berip boljak iň pes baha, ýagny 7 bal berlipdir. Olar iň repressiw ýurtlar diýlip häsiýetlendirilýär.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu mesele bilen gyzyklanyp, “Freedom House” guramasynyň ýokary derejeli wekili Kristofer Walker bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Walker, şu ýylky hasabatyňyzy taýýarlanyňyzda Merkezi Aziýada nähili täzeliklere duş geldiňiz?

Kristofer Walker: Demokratik özgerişlere garşy päsgelçilikleriň tutuş regionda dowam edýänligine göz ýetirdik. Umuman aýdylanda, bu region iň pes baha alan sebitlerden biridir. Bu regionda ýerleşýän iki ýurt, ýagny Özbegistan bilen Türkmenistan tutuş dünýä boýunça iň pes baha alan ýurtlaryň hataryna girýärler.

Ykdysady taýdan ösen ýurt diýlip hasaplanýan Gazagystan hem şol sebitde ýerleşýär. Ykdysady ösüşlerine garamazdan, sýyasy hem demoktratik jogapkärçilikleriň berjaý edilişi nukdaýnazaryndan bu ýurduň ýagdaýy gowy däl we soňky ençeme ýyldan bäri agzalýan ugurlar boýunça Gazagystanyň barýan ugry dürs däl.

Emma, umuman aýdylanda, Gyrgyzystanda käbir pozitiw özgerişlikler göze ilýär. Şunlukda Gyrgyzystan agzalýan kategoriýalar boýunça erkin bolmadyk diýlip hasaplanýan bölümden çykarylyp, belli bir derejede erkinlik bar diýlen katagoriýa girizildi.

Bu ýurtda ösüşe sebäp bolan zat, guramaçylykly referendumyň geçirilmegidir. Şol ses berişlik Otunbaýyewanyň ýolbaşçylygyny kanunylaşdyrdy. Şeýle-de köp partiýalaryň gatnaşmagynda geçirilen saýlawlar hem Gyrgyzystanyň hasabatymyzdaky ornunyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Bu ýurtda käbir negatiw ýagdaýlara-da duş gelindi, meselem, Gyrgyzystanda bolan konfliktden soň etniki özbeklere garşy edilen basyşlar we kemsitmeler barada gürrüň etmek mümkin.

Azatlyk Radiosy: Siziň hasabatyňyzda iň pes baha berlen ýurtlar bolan Türkmenistan we Özbegistan barada gürrüň etsek, olaryň bu orny eýelemegine sebäp bolýan zatlar näme?

Kristofer Walker: “Azatlyk Öýi” guramasynyň öz ýyllyk hasabatlarynda ýurtlaryň ýagdaýyna baha bermek üçin ulanýan görkezijilerine, ýagny metodlaryna seretseňiz, bu ýurtlardaky ýagdaýlaryň juda pes baha eýe bolýanlygyna göz ýetirersiňiz. Netijede bu ýagdaýlar bu iki ýurduň, ýagny Özbegistan bilen Türkmenistanyň, iň pes baha alan ýurtlaryň hataryna girizilmegine sebäp boldy.

Meselem adalatly, bäsleşlikli we erkin saylawlaryň geçirilişine, saýlawlar baradaky kanunlaryň we ýurduň köp partiýalylyk düzgünine seretseňiz, bu ugurlar boýunça agzalýan ýurtlardaky ýagdaýlar gowy däl.

Şeýle-de söz we metbugat azatlygy baradaky bölüme seretsek, we graždan jemgýyetçiliginiň erkin ýagdaýda iş alyp barmagyna mümkinçiliginiň bolup-bolmanlygyna seretsek, bu ähli ugurlar göz öňünde tutulanda Türkmenistan bilen Özbegistana berlen baha juda pes.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan käbir ädimler ädildi. Meselem prezident hökümetden garaşsyz gazetiň çap edilmegine we syýasy partiýalaryň döredilmegine rugsat ediljekdigi barada çykyş etdi, şeýle hereketler siziň hasabatyňyzda nähili orun aldy?

Kristofer Walker: Şeýle ädimler hakda öňe sürlen pikirleri biz, elbetde, öz raportymyzda belläp geçeris. Emma esasy üns berilmeli zat, şeýle çykyşlaryň iş ýüzünde haýsydyr bir özgerişlige ýol açyp-açmanlygydyr.

Regionda ýerleşýän hökümetleriň şeýle beýanatlary ýaýratmagy mümkin. Emma Türkmenistan ýaly ýurtlarda öňe sürlen şeýle pikirler iş ýüzünde haýsydyr bir takyk netije bermeýär. Şeýle ýagdaýda biz öz hasabatymyzda öňe sürlen şol pikirleri, belki agzap geçeris, emma olar ýaly beýanatlar ýurtda haýsydyr bir esasy özgerişlige sebäp bolmasa, onuň ýurda berilýän umumy baha täsiri bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizden çen tutulsa, Türkmenistanda täze prezident häkimiýet başyna geçenden soň, reformalar amala aşyrylar diýlen umytlar puja çykana meňzeş, şeýlemi?


Kristofer Walker:
Meniň pikirimçe, Türkmenbaşy aradan çykandan soň, onuň deregine häkimiýet başyna geçen ýolbaşçy käbir düýpli özgerişlikleri amala aşyrar diýlen umytlar döräpdi. Emma häzire çenlem öňki prezident tarapyndan gurlan düzgünler dowam edýär, haýsydyr bir takyk ösüş göze ilenok.

Azatlyk Radiosy: 2010-njy ýyl Täjigistan üçin birnäçe ugurdan hereketli ýyl boldy. Meselem, media garşy hökümetiň basyş edýänligi we dini azatlyklaryň çäklendirilýänligi barada habarlar peýda boldy. 2010-njy ýyla seredip, bu ýurtda 2011-nji ýylda boljak wakalar hakda näme aýtmak mümkin?


Kristofer Walker: Käbir gözgyny meselelere degip geçdiňiz. Biziň hasabatymyzda Täjigistan sýyasy hukuklara we graždan azatlyklara ýol berilmeýän ýurt diýilip hasaplanýar. Bu ýurtda institutlaryň öz işlerine jogapkärçilikli çemeleşmekleri bilen bagly ençeme kynçylyklar bar.

Şu ýyl boýunça ýaýradylan hasabatymyzda, esasanam Müsüriň, Pakistanyň we Eýranyň ýokary dini mekdeplerinde bilim alýan täjigistanly studentleriň yzyna çagyrylmagy barada hökümetiň tagalla edýänligine şaýat bolduk.

Şeýle sýyasatyň alnyp barylmagy ýurtda köp ugurly özgerişlikleriň amala aşyrylmagyna böwet döredýär. Biz bu syýasat özgerer diýip, umyt edýäris.

Mundan beýläk boljak wakalar hakda pikir beýan etmän, geljekde boljak wakalara üns beresimiz gelýär. Emma, umuman aýdylanda, soňky döwürlerde Täjigistandaky ýagdaýlar oňyn däl.

Azatlyk Radiosy: Eger şu ýylky hasabatyňyzy göz öňünde tutsak, siz haýsydyr bir garaşylmadyk ýagdaýa duş geldiňizmi?

Kristofer Walker: Meniň pikirimçe, umuman, bu ýylyň esasy kynçylygy awtoritarlygyň güýçlenmegidir. Agzalýan ýurtlarda bolup geçýän wakalardan hem-de käbir beýleki ugurlarda ädilen ädimlerden çen tutsaň, bu ýagdaýa göz ýetirmek mümkin.

Muňa mysal hökmünde aýtsak, mundan öňki ýyllarda syýasy hak-hukuklara we graždan jemgyýetiniň azatlyklaryna sarpa goýulýan ýurtlar diýlip hasaplanýan Meksika we Ukraina belli bir derejede erkin diýlen kategoriýa girizildi. Şol ýurtlarda oňyn özgerişlikleriň boljakdygy barada umytlar döräpdi. Emma häzirki hasabatymyzda olar ýagdaýy ortaça diýlip baha berlen ýurtlaryň hataryna girizildi.
XS
SM
MD
LG