Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň Makeýewka şäherinide iki partlama boldy


Şu gün Ukrainanyň Makeýewka şäherinde iki partlama boldy, heläk bolan adam ýok diýlip, habar berilýär.

Ýerli polisiýanyň metbugat wekiliniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, şol partlamalaryň biri kömür kompaniýasynyň binasynyň golaýynda, beýlekisi bolsa şäheriň bazarynda döräpdir.

Ukrain habar gulluklarynyň aýtmagyna görä, bu partlamalarda diňe binalaryň aýnalaryna zeper ýetipdir.

Ukrain polisiýasy bu wakalar bilen bagly derňew işlerine başlady.
XS
SM
MD
LG