Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Interwýu: rumyn kinorežissýory Florin Serban


Rumyniýaly režissýor Florin Serban özüniň “Sygyrasym gelse, sygyrýaryn” atly filmine berlen “Kümüş aýy” we Alfred Bauer medal baýragy bilen 60-njy Berlin film festiwalynda, 20-nji fewral, 2010.
Rumyniýaly režissýor Florin Serban özüniň “Sygyrasym gelse, sygyrýaryn” atly filmine berlen “Kümüş aýy” we Alfred Bauer medal baýragy bilen 60-njy Berlin film festiwalynda, 20-nji fewral, 2010.
25-nji ýanwarda Golliwudda ýyllyk Akademiýa baýragynyň finalistleri yglan ediler. “Daşary ýurt dilindäki iň gowy film” baýragyna dalaş edýän çeper filmleriň biri “Sygyrasym gelse, sygyrýaryn” atly kino. Bu filmiň režissýory rumyniýaly Florin Serban.

Dürli ýurtlardan 100-den gowrak filmiň dalaş edýändigine seredeniňde, baýragy gazanmak kynrak görünýän bolup biler. Emma bu film 2010-njy ýyl boýunça Berlin film festiwalynda Žuriniň Grand Priksini (Kümüş aýyny) alyp, köpleriň ünsüni çekmegi başardy.

Höwesjeň we öwrenje aktýorlaryň gatnaşmagynda ýeter-ýetmez maliýe serişdesi bilen düşürilen “Sygyrasym gelse, sygyrýaryn” atly film türmä düşen ýetginjek oglanyň başdan geçiren agyr günlerini suratlandyrýar.

Azatlyk Radiosynyň Nýu Ýorkdaky habarçysy Nikola Krastew bu filmiň režissýory Florin Serban bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Haçanda 1989-njy ýylda Nikolaý Çaușeskunyň režimi ýykylanda, siz ýaňy 14 ýaşyňyzdadyňyz. Ýöne, muňa garamazdan, siz köplenç Çaușeskunyň režiminde ýetişmegiň, size we siziň dünýägaraýşyňyza uly täsir edenligini aýdýarsyňyz. Siz muny has anygrak düşündirip bilersiňizmi?

Florin Serban: Meniň komunistik režimi ýüregim alyp duranok. Ýöne men öz ýaşlyk ýyllarymy juda küýseýärin. Şeýle-de meniň çagalyk döwrümiň bu ýagdaýlarda geçenine birneme gynanýaryn. Men haçanda gijelerine öýe gelenimde, ikindinaralar suw hem akyp durandyr. Haçanda düwmäni basaňda, elektrik togy gelýär. Garaz, bar zatlaryň hemmesi kanagatlandyrýar. Şeýle-de şol wagtlar ähli zatlaryň arasynda bir möhüm zadyň ýetmeýändigini duýýarsyň. Hut şu sebäpli men muňa aýratyn ünsi çekesim geldi. Meniň režim diýip, hijem ýüregim gysanok. Emma bizde, kommunizm döwründe önüp-ösenlerde, häzir indi gün-günden ýitip barýan bir zadymyz bardy.

Meniň diýjek bolýanym, käbir zatlara düşünmek üçin, siz kommunistik režim döwründe hammamda suwa düşmegi göz öňüňize getirjek boluň. Sebäbi ol ýerde hijem gyzgyn suw ýokdy. Siz hammama gyzgyn suwy eltmek üçin her dürli ýollary oýlap tapmaly bolýarsyňyz. Şol wagtlar men şeýle bir oýlap tapmalary gördüm welin, şolary ýatlanymda meniň henizem gülküm gelýär.



Azatlyk Radiosy: Kino sungatynyň käbir tankytçylary siziň düşüren “Sygyrasym gelse, sygyrýaryn” kinofilmiňizi “türme” kinosy diýip häsiýetlendirýärler. Siziň özüňiz muňa nähili baha berersiňiz?


Florin Serban: Meniň üçin bu bir ýaş oglanyň, ýetginjegiň obrazy we iň möhümem onuň başagaýlygy baradaky hekaýadyr. Men bu teklibime aýak direýärin. Dogrudanam, men öz filmimi “türme” kinosy diýip hasaplamok. Meniň pikirimçe, bu ähli zatdan öňürti bir söýgi hekaýasydyr. Şeýle-de bu söýginiň ençeme görnüşlerini: ýetginjegiň öz doganyna bolan söýgüsini, ejesine söýgüsini we ýigrenjini, ýaş gyza bolan söýgüsini beýan edýär. Meniň üçin bu ähli zatdan öňürti söýgi baradadyr.

Azatlyk Radiosy: Siziň filmiňizdäki käbir bölekler Şekspiriň derejelerine ýetýär. Mysal üçin, Silwiýu tragiki bir keşp. Onuň ýeke özi gazaply, berk reallyga garşy çykýar. Siz Silwiýunyň keşbini nädip döretdiňiz?

Florin Serban: Haçan-da siz ýazaňyzda, bu proses siziň üçin gymmat bolmalydyr. Munuň gymmat bolmagynyň sebäbi bu, siz haçan-da aýlap ýazaňyzda, eger-de keşbe jan berjek bolsaňyz, onda siz özüňizi şol keşbiň ýerine goýmalysyňyz. Dogrymy aýtsam, men onuň haýsy matlapdan ugur alyp beýdip hereket edendigi baradaky gürrüňe girișesim gelenok. Bu kinonyň gidişine siz bir tomaşaçy hökmünde seretmelisiňiz.

Menden köplenç näme üçin rumyn filmleri soňky 5-6 ýylyň dowamynda beýle uly meşhurlyga eýe bolýarlar diýip sorýarlar. Men munuň kesp-käre bagly zatdygyny aýdyp biljek däl. Meniň çakymça, kinolary meşhur edýän zat, bu olara ýürekden çemeleşmekdir. Şeýle-de, meniň pikirimçe, Silwiýunyň kalbynda meniň kalbymyň köp bölegi bar.

Azatlyk Radiosy: Kinoda aýdyljak bolunýan pikir sylaga mynasyp. Silwiýus-da hormat ugrunda alada edýär, onuň ýakynlary hem sylag gazanmak üçin azap çekýärler. Näme sebäpden bu olaryň häsiýetine beýle bagly bolup durýar?

Florin Serban: Bu çagalar bilen soňunyň nähili gutarjakdygyny çaklamak juda kyn. Siz bilen ýüzbe-ýüz gürleşýän wagty ol bir zatlary aýdyp biler, ol özüni gaty rahat alyp barar. Emma haçan-da ol gapydan daşary çykanda, ol özüniň oňuşmaýan birine duş bolanda, ol aýnany döwüp, aýna bölegi bilen onuň damagyny hem çalyp biler. Bu çagalar özleriniň sylanmaýan ýerlerinden geldiler. Ilkibaşda olary hiç kim söýmedi, şonuň üçin-de olar bu duýgynyň ýerini sylag bilen doldurjak boldular. Hut şu sebäpli olar öz daş-töweregindäkilerden özlerine sylagyň bolmagyny soraýarlar. Olar muny ýumrugyň we fiziki güýjüň üsti bilen soraýarlar. Eger-de olar bir ýalňyş iş etseler, olar türmä düşýärler. Ol ýerde sylagyň bolmasa, hemme zat bir köpük.

Ýetginjekleriň türmesinde hemme zat sylag-hormata bagly. Bu sistemanyň öz düzgünleri, öz gymmatlyklary bar. Emma olaryň hemmesi sylaga bagly. Olaryň biriniň ýanyna baryp, gürrüňdeş bolanyňda ýa-da işleşeniňde öz duýgurlygyň bilen deňagramlylygy saklamagy başarmaly. Olara hormat goýmaly, diýeniňi gögertjek bolmaly däl, emma olara äňiňe köwüş diretmejekdigiňi hem düşündirmegi başarmaly.

Bu örän gowy deňagramlylyk. Sosial ylymlary ýa-da psihologiýany okap, soňra bolsa türmä baryp, ol ýetginjekler bilen işleşip bilersiň öýdemok. Meniň pikirimçe, bu zatlaryň hemmesi duýgurlyga we wagtyň geçmegi bilen ýagdaýlara düşünişiňe bagly.

Azatlyk Radiosy: Berlindäki festiwalda ýetginjekleriň türmesine baryp, olar bilen işleşmegiň sizde uly täsir galdyrandygyny aýtdyňyz. Bu barada aýdyp beräýseňiz?

Florin Serban: Filmi gören tomaşaçynyň durmuşyny üýtgedip biljek köp sanly kino bardyr öýdemok, şonuň üçin hem bu ýagdaý mende täsir galdyrdy. Emma, meniň pikirimçe, filme gatnaşanlaryň durmuşyny düýpgöter üýtgedýän kinolar bardyr.

Bu ýetginjekler bilen işleşmek meniň üçin ruhy gezelenç, ruhy başdan geçirme boldy. Bu kyn işdi, emma garaşyşym ýaly bolmady. Ol ýerdäki ýetginjekler gödek we diýen etmäýän ýaşlar bolansoň, kyn bolar öýdüpdim. Jomartlyk taýdan seredeniňde-de bu kyn işdi. Ol ýaşlardan jomartlyk barada köp zat öwrendim, men muňa garaşmaýardym.
XS
SM
MD
LG