Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alymyň teoriýasyna seslenme


Hojamedow: "Diňe hukuk döwleti adamlaryň asuda, parahat, bolçulykda ýaşamagyna mümkinçilik berer".
Hojamedow: "Diňe hukuk döwleti adamlaryň asuda, parahat, bolçulykda ýaşamagyna mümkinçilik berer".
Şu ýylyň 10-njy ýanwarynda Azatlyk Radiosynyň “Aktual gürrüň” rubrikasynda belli türkmen alymy, akademik Rejep Baýramowyň çykyşy efire berildi. Onuň öňe süren pikirleri hakynda özümde dörän sowallary we jogaplary beýan etmegi makul bildim.

Akademik Rejep Baýramow oba hojalyk ugrundan köp ylmy işleri ýazan alym. Onuň bir mahallar ýazan makaladyr monografiýalary sowet kommunistik ideologiýasynyň öňe süren oba-hojalyk syýasatyndan daşlaşmaýardy. Üýtgedip-gurmak ýyllary Rejep Baýramow ýerleri potratçylyk usulynda özleşdirmek baradaky pikirlerini orta atypdy.

1990-njy ýylda Rejep Baýramow şol wagtky SSSR-iň akademigi Stanislaw Şataliniň we ykdysatçy alym Grigoriý Ýawlinskiniň taýýarlan "500 gün" atly ykdysady programmasy hakynda türkmen metbugatynda çykyş edipdi. Şonda Rejep Baýramow özüniň şol çykyşynda "500 gün" atly programmanyň döwrebaplygyny nygtapdy.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow akademik Rejep Baýramowyň “Daýhanlar” partiýasyny açmak hakyndaky pikirlerini ilki goldasa-da, soňra ony düýbünden gadagan edipdi.

Köp ýyllardan soň, akademik Baýramowyň jemgyýetçilik pikirlerini öňe sürmegi, elbetde, gutlanmaly faktdyr. Ahyry bizde, türkmenlerde-de uly alym, akademik, syýasy, erkin pikirleri orta atdy. Muny türkmen alymlary tarapyndan öňe ädilen ädim diýip hasap edip bolar.

Akademigiň eden çykyşyndaky tezislerden:

1. Türkmenistanda monarhiýa sistemasyny döretmek.
2. Demokratiýasyz jemgyýet gurmak.
3. Adalatly referendum geçirmek.
4. Oppozisiýasyz jemgyýet.
5. Aşakdan ýokaryk baýamak.
6. Gyrgyz wakalaryna gelmek.


Monarhiýa sistemasy

Akademik Rejep Baýramowyň monarhiýa döwlet sistemasyny referendum geçirmek boýunça döretmek hakyndaky pikirlerini diňläniňde, dünýä belli utopiýaçy alymlar Tomas Moruň “Utopiýa” we Tommazo Kampanellanyň “Gün şäheri” diýen eserlerindäki wakalar göz öňüňe gelýär we türkmenlerde hem bir utopiýaçy alymyň döränligine göz ýetirýärsiň.

Hormatly akademigimiz haýsy jähtden XXI asyrda monarhiýa sitemasynyň demokratik sistemadan bähbitli boljagyny aýdýarka?! Bu barada dünýä belli syýasatçy Winston Çerçil 1947-nji ýylyň noýabr aýynda parlamentde eden çykyşynda şeýle diýipdi: “Demokratiýa, döwlet dolandyryş usulynyň iň ýaramaz görnüşi diýen pikirler aýdylýar, ýöne adamzadyň ulanan beýleki hemme usullary ondan hem ýaramazdyr”. Syýasatçynyň şu pikirlerem biziň akademigimize jogap bolup bilerdi. Emma durmuşdaky bolan we bolup geçýän faktlaryň üstünde durup geçsek, hakykata dogry düşünip bolardy.

Türkmenistan Garaşsyzlyk alandan soň, onuň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow absolýut häkimlige eýe boldy. De ýura Nyýazow monarh, ýa patyşa bolmasa-da, de fakto şanyň hukuklaryny aldy. Onuň netijesinde-de dünýäde tebigy gaz ýataklaryna baý döwletleriň arasynda ilkinji hatarlarda durýan Türkmenistan ykdysady taýdan yzagalak döwletleriň hataryna goşuldy. Dünýä medeniýetine degişli bolan gymmatlyklar inkär edilip, diňe Nyýazowyň özi we onuň ýakynlarynyň terjimahaly öwrenildi. Ýurtda awtoritarizmiň güýjemegi bilen, adaty adam hukulary unudyldy. Bu hem absolýut häkimligiň ýa-da patyşalygyň beren miwesi boldy.

ABŞ-nyň belli syýasatşynasy Zbignew Bžezinskiý özüniň täze ýazan “Ýene bir mümkinçilik, üç prezident we Amerikanyň çökgünligi” diýen kitabynda prezident formasynyň aýratynlyklary, esasanam, eks-prezident Buşuň goýberen syýasy ýalňyşlyklary hakynda aýdyp, pikirini şeýle jemleýär: “Arnold Toýnbi özüniň taryhy derňemek boýunça klassyky işinde imperiýalaryň synmagynynyň sebäbini onuň liderleriniň heläkçilikli ýol bilen döwleti dolandyrandygynyň netijesinde görýär. Amerikanyň halas bolmak mümkinçiligi (dargamakdan), imperatorlardan we patyşalardan aýratynlykda Amerikanyň prezidentleriniň wezipede oturmaly möhletiniň aňyry gitse 8 ýyl (iki möhlet) bilen çäklendirilenligidir”.

Demokratiýasyz ýaşaýyş

Türkmenistan, ine, 20 ýyl bäri demokratiýasyz jemgyýetde ýaşap gelýär.
Siz bilen ylalaşmaýan adamlardan däl, size ylalaşmaýandygyny bildirmeýän adamlardan howatyrlanmaly.
Hormatly alym Rejep Baýramowyň maglumatlary onuň diňe Russiýa Federasiýasynyň habar beriş serişdeleriniň çeşmelerinden peýdalanýanlygyny bildirýär. Kremliň ýöredýän “dolandyryş demokratiýasy” bize nusgalyk bolmaly däldir. Bize Pribaltika we Gündogar Ýewropa döwletlerinde gurlan demokratik sütünler mysal bolmalydyr.

Awtoritarizm sistemasynda ýaşaýan ýurtda, hiç wagt hem adalatly referendum ýa saýlaw geçirilmeýär. Türkmenistanyň Saýlaw komissiýasynyň başlygy Myrat Garryýew muňa aýdyň nusgalykdyr.

Oppozisiýasyz jemgyýet

Öňem, häzirem Türkmenistan döwleti oppozisiýasyz ýaşady we ýaşaýar. Hökümet ony resmi taýdan ykrar etmek islemeýär. Şu ýerde, syýasatçy Winston Çerçiliň oppozisiýa barada aýdan pikirleri ýerlikli gelýär: “Kimden howatyrlanmaly! Siz bilen ylalaşmaýan adamlardan däl, size ylalaşmaýandygyny bildirmeýän adamlardan howatyrlanmaly”.

Aşakdan ýokaryk baýamak

Bu pikir durşuna utopiýa bolýar. Hiç bir hökümet özi baýamasa, aşakdakylary baýatmaz! Diňe hukuk döwleti adamlaryň asuda, parahat, bolçulykda ýaşamagyna mümkinçilik berer.

Gyrgyz wakalarynyň döremegi

Gyrgyz wakalarynyň döremegi ýurtdaky absolýut häkimligiň güýjemegi netijesinde amala aşdy. Ilki Akaýewiň, soňra Bakyýewiň ýakyn hossarlary tebigy baýlygy bolmadyk ýurduň bolanja baýlyklaryny hem hususylaşdyrsa ýa-da ony wezipelerine daýanyp, öz atlaryna geçirse, elbetde, ilatyň aglaba gedaý düşen topary, muňa başardygyndan garşy çykar. Bu tebigatyň kanuny. Möjekler aç galanda, bir-birlerini iýýär. Adamlar hem köneleriň aýdyşy ýaly, ”Açlyk näme iýdirmez, dokluk name diýdirmez” diýlen paýhasdan ugur alýar.

Resmi taýdan monarhiýa dolandyryşyna gelmek - bu orta asyrlara çümmekdir!

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG