Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidenti ÝB, NATO liderleri bilen duşuşýar


Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow şu gün Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň resmileri bilen resmi gepleşik geçirmek üçin Brýussele sapar edýär.

Kerimow Ýewropa komissiýasynyň prezidenti, şeýle-de ÝB-niň energiýa komissary bilen duşuşmaly.

Onuň iki tarapyň energiýa hyzmatdaşlygy boýunça Düşünişmek memorandumyna gol çekmegine, Daşkentde ÝB-niň wekilhanasyny açmak barada gürleşmegine garaşylýar.

Özbek prezidenti NATO-nyň baş sekretary bilen goňşy Owganystandaky harby operasiýalar babatda NATO-özbek hyzmatdaşlygy barada gürleşmekçi.

Adam hukuklaryny goraýjylar ýokary derejeli günbatar resmileriniň adam hukuklary babatda iň pes ýurtlaryň biriniň lideri bilen duşuşmak kararyna gelmegini sorag astyna alýarlar. Olar beýle duşuşuklaryň diňe Kerimow režimini kanunlaşdyrjagyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG