Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diktatorlar ot ýakyp, soňam ony özleri "öçürýärler"


Müsüriň paýtagty Kaýirde hökümete garşy protestler geçirilýär, 25-nji ýanwar, 2011-nji ýyl.
Müsüriň paýtagty Kaýirde hökümete garşy protestler geçirilýär, 25-nji ýanwar, 2011-nji ýyl.
Prezident Barak Obama häkimiýet başyna geçensoň, ABŞ-nyň daşary syýasatynda düýpli özgerişlikleriň boljakdygyny yglan edipdi. Ol esasanam Yslam älemi bilen Amerikanyň gatnaşyklaryna üns beriljekdigini aýdypdy.

Bu ugurda Obamanyň 2009-njy ýylyň iýun aýynda Müsüriň paýtagty Kairde eden çykyşyna Waşingtonyň daşary syýasatynda täze döwrüň başlangyjy hökmünde baha berilýär.

Emma Waşingtonda ýerleşýän Johns Hopkins Uniwersitetiniň professory, ýazyjy we Ýakyn Gündogar boýunça ekspert professor Fouad Ajami Obamanyň administrasiýasynyň yglan eden şol syýasatynyň käbir ugurlaryndan häzir yza çekilip başlanlygyny aýdýar.

Fouad Ajami ýakynda “Wall Street Journal” gazetinde çap edilen makalasynda esasanam Döwlet sekretary Hillari Klintonyň ýakynda Katarda eden çykyşyny mysal edip, şol ýygnakda öňe sürlen pikir öňki prezident Buşuň alyp barýan syýasatynyň käbir ugurlaryna dolanylanlygyny aňladýar diýýär.

Bu we beýleki meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir professor Fouad Ajami bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýakynda “Wall Street Journal” gazetinde çap edilen makalaňyzda Hillari Klintonyň Katarda eden çykyşy hakda gürrüň edilýär. Şol çykyşda siziň ünsüňizi çeken zat näme boldy?

Johns Hopkins uniwersitetiniň professory Fouad Ajami
Fouad Ajami:
Bu Döwlet sekretary tarapyndan edilen üns bermäge mynasyp çykyşdy. Sebäbi edil şu Döwlet sekretary 2009-njy ýylyň aprel aýynda eden çykyşynda prezident Buşuň “Ideologiýa boýunça alyp barýan göreşi – geçmişiň gürrüňi” diýipdi.

Mundan ozal Obamanyň administrasiýasy “Regionda prezident Buşuň “erkinlikler” boýunça alyp barýan diplomatiýasy öldi we jaýlandy, biz region bilen bolmalysy ýaly çemeleşeris. Siriýa we Eýrana garşy Buşuň alyp barýan ideologiýa esasyndaky göreşlerini bes ederis. Biz Tährandaky we Damaskdaky režimler bilen duşuşyklar esasynda syýasat alyp bararys” diýen manydaky pikirleri orta atypdy.

Emma Hillary Klintonyň ýakynda eden şol çykyşy, göýä bu syýasatdan el çekilýänligini aňladýar. Hatda prezident Buşuň “Azatlyk boýunça diplomatiýasyna” dolanylýanlygyny görkezýär.

Şol syýasat nämeden ybarat diýseňiz, “Ol regiondaky režimleriň öz ýurdunda alyp barýan syýasaty Amerikany ýakyndan gyzyklandyrýar. Hakykatyna garanda, biz demokratiýa we azatlyklar meselesine ähmiýet berýäris” diýmekden ybaratdyr.

Azatlyk Radiosy: Bu çykyşyň Katarda, ýagny Arap dünýäsiniň merkezlerinden birinde edilmegi nämäniň alamaty?

Fouad Ajami: Meniň pikirimçe, Obamanyň administrasiýasy Arap dünýäsindäki awtokratlar bilen gatnaşygy boýunça alyp barýan özboluşly strategiýasynyň soňuna ýetdi. Bu ädimi Obamanyň administrasiýasy gaty hüşgärlik bilen bolup geçýän wakalaryň öňüni almak maksady bilen ätdi. Meselem, olar Zain-ul-Abidin Bin Aliniň režiminiň agdaryljakdygyna göz ýetirdiler.

Olar Müsürde dowam edýän etniki çaknyşyklar sebäpli Hosni Mubaregiň režiminiň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna hem şaýat boldular. Olar Liwanda ABŞ tarapyndan goldanylýan Saad Haririniň hökümetiniň dargap barýanlygyna-da şaýat bolýardylar.
Şunlukda Obamanyň administrasiýasy arap awtokratlaryndan uzaklaşyp, az-kem demokratik güýçlere-de ýakynlaşylmagyň zerurdygyna göz ýetirdi.

Azatlyk Radiosy: 2009-njy ýylda Eýranda bolan wakalar we ýakynda hem Tunisde bolan köpçülikleýin protestler nobatyň, siziň aýdyşyňyz ýaly, “çägä batyp barýan” režimlerden haýsysyna ýetenligini aňladýar?

Fouad Ajami: Sen barmagyňy düýpli soraga basdyň. Tunisiň hökümeti agdarylanlardan diňe biri bolarmy, ýogsa-da bu ullakan özgerişligiň bir bölegimi? Şeýle-de bu ýurduň ýagdaýy beýlekilerden tapawutlymy?

Eger biz Eýrany häzirlikçe gyra süýşürip, beýleki arap ýurtlaryna seretsek, olaryň ählisi biri-birine meňzeýär. Meselem, Siriýanyň, Müsüriň, Libiýanyň, Aljiriň we Tunisdäki Zain-ul Abidiniň režimleri biri-birine çalymdaş. Olar awtokratik režimler, olar ýurtdaky ähli zadyň hökümet başyndaky adamlaryň maşgala agzalary tarapyndan kontrollyk edilýän režimleri we şol bir wagtyň özünde-de olar bilen nähili çemeleşilmeli diýlen soraga anyk jogap bermek kyn bolan režimler.

Meselem, Müsür barada gürrüň edilende, bu ýurdy dolandyrýan topar agdarylan halatynda bu tutuş regiona öz täsirini ýetirer. Sebäbi Müsür medeni, syýasy taýdan regionda uly güýç we onuň ilat sany 80 milliona barabardyr.

Agzalýan arap ýurtlarynyň hataryna Aljiri, Libiýany, Siriýany, Müsüri, Ýemeni dolandyrýan režimler hem girýärler. Olaryň ählisi biri-birine meňzeş. Elbetde, ähli liberal araplar şol režimleriň agdarylmagyna garaşýarlar. Eger internete girseňiz, ilatyň garaýyşlary bilen tanyş bolup bilersiňiz. Olardan ählisi öz diktaturlarynyň ýykylmagyna garaşýarlar. Meselem, siriýalylar “Elaf” diýilip atlandyrylýan we arap dünýäsinde çap edilýän internet gazetine ýazýan hatlarynda prezident Başar-ul-Asadyň hökümetiniň agdarylmagyna umyt edýändiklerini ýazýarlar. Libiýalylar bolsa Muammar Kaddafiniň, ýemenliler Ali Abdylla Salynyň hökümetiniň agdarylmagyna umyt edýändiklerini belleýärler.

Agzalýan režimler häkimiýet başyndan çetleşermi ýa çetleşdirilermi, bu barada bir zat aýtmak kyn. Yslam dininde şeýle ýagdaýda öňe sürülýän bir pikir bar: “Hudaý bilsin” diýilýär. Sebäbi näme boljagyny diňe Hudaý biläýmese, başga bilýän ýok. Mundan bir iki hepde ýa birki aý ozal Tunisde şeýle wakanyň boljagyny kim aýdyp bilerdi? Ýagny, näme boljagyny öňünden çaklamak gaty kyn.

Adamlaryň haçan kellesini etegine salyp, ýola çykjagyny we haçan baş galdyrjagyny bilmek kyn. Olaryň haçan Zain-ul-Abidin Bin Ali, onuň aýaly Leýla Trabalsy we onuň garyndaşlary, şeýlde-de Tunisiň ykdysadyýetini çökeren trabalsy tiresi tarapyndan dolandyrylmagy ret etjekdigini öňünden çaklamak kyndy.

Adamlar uzak wagtlap boýun egýärler. Haçanda gozgalaň başlananda, durnukly diýilip hasaplanýan režimler hem dargap başlaýar. Meniň pikirimçe, rewolýusiýalar tutuş dünýä boýunça şeýle amala aşyrylýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, regionda sistemany üýtgetmekligiň ýekeje ýoly şeýle rewolýusiýalarmy? Şeýle hereketleriň netijesinde gurlan hökümetler durnukly hökümetler bolup bilermi?

Fouad Ajami: “Washington Post” gazetiniň awtorlaryndan biri Anne Applebaumyň ýazan synynda şeýle gyzykly pikir öňe sürülýär: “Zain-ul-Abidiniň hökümetiniň agdarylyşyny görmek gaty gyzykly. Geliň, hakykatçyl bolalyň, özi demokrat bolup, azatlyklary sähelçe söýýän adamlar üçin Zain-ul Abidiniň häkimiýetiniň agdarlyşyny, onuň Saud Arabystanyna gaçyp gitmegini görmek gyzykly dälmidi?”

Emma esasy sorag: bu waka ýurtda demokratik syýasatyň ornaşmagyna ýol açarmy? Meniň muňa o diýen ynamym ýok. Men tunislileriň azatlygyna hormat goýýaryn. Elbetde, olaryň şeýle erkin ýagdaýda ýaşamaga hukugy bar. Emma olar bu ugruň dürli tapgyrlaryndan geçmeli bolarlar. Ýöne bu özgerişlik ýurda demokratiýa getirermi diýlen soraga anyk jogap bermek kyn.

Her halda Libiýadaky, Siriýadaky, Tunisdäki şeýle liderler yzlarynda düýpli döwleti dolandyryş institutlaryny galdyrmaýarlar. Sebäbi olar hemmäni jenaýata bulaşdyrýarlar, olar özlerine garşy çykanlary öldürýärler ýa ýurtdan gaçyp çykmaga mejbur edýärler. Haçanda şeýle liderler ýurdy terk edende, olaryň yzlarynda dikelip duran berk diwar galmaýar. Olar diňe ýurdy ýalňyş dolandyrmak bilen çäklenmän, yzynda ullakan bulagaýçylyklaryň çykmagyna sebäp bolaýjak kynçylyklary hem galdyrýarlar.

Häzirki döwürde Müsüriň habar serişdelerinde çap edilýän habarlara serediň, olar diňe Tunisde köçelerde dowam edýän talaňçylyklar we bulagaýçylyklar barada habarlary berýärler. Bu çäräniň maksady: müsürlilere şeýle düýduryş bermekden ybaratdyr: “Prezident Hosni Mubarek uzak ýaşasyn. Bulagaýçylyklar bilen siziň araňyzdaky ýekeje böwet – Hosni Mubaregiň režiminiň höküm sürmegidir”.

Onsoň, Arap we Yslam älemi nukdaýnazaryndan aýdylanda, bulagaýçylyklaryň bolmak mümkinçiligi bilen awtokratlaryň arasynda deňagramlylygy tapmak gaty kyn.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, şeýle özgerip duran ýagdaýda Günbatardaky demokratik ýurtlar, esasanam ABŞ nähili rol oýnamaly?

Fouad Ajami: Biziň demokratik güýçleri goldamakdan başga saýlap biljek ýolumyz ýok. Ol 2009-njy ýylda Eýranda bolan waka bolsun, ýa başga ýerde bolan hereketler, tapawudy ýok. Men Eýranyň ”Ýaşyllar topary” tarapyndan alnyp barylýan hereketleriň dowamynda Obamanyň administrasiýasynyň dymanlygyna garşy çykyp, makalalar ýazypdym.

Eger sen Eýranda ýaşyllary häkimiýet başyna getirip bilmeýän bolsaň, seniň olara salykatly ýagdaýda kömek etmek borjuň bar. Meselem, Obama agzalýan hereketiň agzalaryna ýüzlenip, Eýranyň awtokratlarynyň garşysyna alyp barýan göreşlerinde olaryň ýalňyz däldigini aýdyp bilerdi.

Tunisde bolan waka barada aýtsak, sen “Biz haýsydyr bir toparyň tarapyny tutamzok diýip otyryp bilmersiň, bu Amerikanyň we amerikalylaryň ýaşaýyş prinsipi däl”. Amerikalylar şuňa berk ynanýarlar: “Erkinlik – Hudaý tarapyndan berlen bir nygmatdyr”.

Elbetde, aýtjak bolýan zadymyň jedelli bolmagy mümkin, emma bu Jorj Buşuň öňe süren pikiri, ol şeýle diýipdi: “Erkinlik şemalda uçup barýan tohum ýalydyr, ol her ýere sapar edýär. Dünýäniň ilatynyň ählisiniň erkin ýaşamaga hukugy bar”.

Meniň pikirimçe, sen erkinlik we azatlyklar boýunça iş alyp barýan güýçleri goldamaly, sen özüňi awtokratlardan uzaklaşdyrmaly. Sen Hosni Mubarek ýaly adamlara garşy hakykatçyl bolmaly”. Haçanda Hosni Mubarek bilen duşuşsaň, ol näme hakda gürrüň edýär, bilýäňmi? Ol Müsüriň içerki ýagdaýy barada hiç zat aýtmaýar. Ol Ýakyn Gündogaryň parahatçylygy barada gürrüň edýär. Ýogsa-da, Tunisiň režimi ýaly, ol Müsüriň yslamçy radikallara garşy göreşýänligini aýdýar. Yslamçy toparlar bilen agzalýan režimleriň arasynda saýlap boljak üçünji alternatiwiň bardygyny biz unutmaly däl.

Netijede biz Tunisde Zain-ul-Abidin, Ýemende Abdylla Saly, Müsürde Hosni Mubarek ýaly adamlar tarapyndan ”ýeke-täk çykalga – biz” diýilýän pikirlere boýun bolmaly däl. Biz batyr bolmaly. Sebäbi Amerika erkinlikleriň ýurdy. Erkinlikleri boýunça beýlekilerden tapawutlanýan bu ýurduň demokratik güýçleri goldamakdan başga saýlap biljek ýoly ýok.

Bu biziň her ýere goşun ibermelidigimizi aňlatmaýar, bu biz her bir diktaturany häkimiýet başyndan agdarmaly diýildigi-de däl. Emma biziň syýasy, moral we strategiki taýdan gitmeli ugrumyz hakda hiç hili şübhämiz bolmaly däl. Ýagny, biz diktatorlar bilen bir tagtda ýatyp-turup bilmeris. Şeýle bolan halatynda biziň bu dostlugymyz Amerikanyň gymmatlyklaryny pida etmän, uzaga çekip bilmez.

Azatlyk Radiosy: ABŞ regiondaky demokratyk güýçlere haýsy ugurdan we nähili kömek edip biler?

Fouad Ajami: Bu gaty kyn sorag. Meniň pikirimçe, munuň ýeke-täk jogaby ýok we onuň jogaby, her ýurda görä, tapawutly. Mysal hökmünde aýtsak, Müsür Amerikadan uly möçberde goldaw alýan ýurt, şunlukda şol ýurtda seniň tutarygyň uly. Hosni Mubarak 1981-nji ýyldan bäri Müsüre ýolbaşçylyk edýär. Şol ýurt Amerikanyň goldawyna mätäç. Öz pikirimi aýtsam, men-ä mydama Müsüre berilýän şol kömegiň gaýtadan gözden geçirilmeginiň zerurdygyny aýdyp gelýärin.

Biz Hosni Mubarege juda ýakyn durup bilmeris. Ol şol ýurduň demokratik mümkinçiliklerini masgara eden ýolbaşçy. Ol prezidentiň orunbasary wezipesine hiç kimi bellemän gelýär. Ol özünden soňra ogluny häkimiýet başyna getirmek arkaly ýurtda mirasdüşerlik sistemasyny ornaşdyrmaga synanyşýar.

Siz Amerikanyň daşary syýasatyny Hosni Mubaregiň ýarany hökmünde düzüp bilmersiňiz. Diýmek, bu ýagdaýda puldan peýdalanylmagy zerur.

Siriýa barada aýdylanda, biz bu ýurda material we maliýe taýdan o diýen kömek etmeýäris. Emma Buşuň Siriýa garşy Liwanda bäsleşmek üçin bahanasy bardy. Ol Liwanyň içerki ýagdaýynyň Amerikanyň erkinlikler boýunça tapawutlanýan jemgyýeti we syýasaty üçin möhümdigini Siriýa anyk aýtdy. Emma haçanda prezident Obama häkimiýet başyna geçende, ol Siriýa bilen ylalaşyk we barlyşyk syýasatyny öňe sürüp başlady. Şunlukda Obama Siriýa diplomatik usulda aklanmak mümkinçiligini hödürledi. Şol pursat sebäpli Siriýa gaýtadan Liwana dolandy. Ýadyňyzda bolsa, Siriýa ozal Buşuň diplomatiýasy sebäpli 2005-nji ýylda Liwandan çekilmäge mejbur bolupdy.

Diýmek, sen her ýurda aýratyn üns berip, haýsy ugurlarda olara täsir ýetirip biljekdigiňi kesgitlemeli. Siziň Ýemene hem täsir ýetirmäge mümkinçiligiňiz bar, sebäbi bu ýurduň hökümeti Amerikadan uly möçberde kömek alýar. Sen bu ýurtda oppozisiýanyň hereket etmegine ýol bermeýän awtokrat bilen hyzmatdaşlyk etjekmi? Men bolsam, bu mesele barada serasaply hereket ederdim.

Şeýle-de islendik diktator gelip, özüniň yslamçy radikallara garşy göreşýänligini aýtsa, men olara ynanyp oturmazdym. Haçanda şeýle diktatorlar gelip, saňa seniň bilen yslamçylaryň arasynda men durun diýse, men bu pikire ur-tut ynanman, bu ýagdaýya şübheli garardym. Sebäbi köp halatlarda ýurdy dolandyryş usullary, ýurtda talaňçylyk, ogurlyk etmek we erkinlige ýol bermezlik arkaly, hakykatda şol awtokratlaryň özi şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýarlar.

Tunisiň öňki lideri Zain-ul-Abidine we Müsüriň lideri Hosni Mubarege men bir gezek şeýle baha beripdim: olar ody tutaşdyryp, öz tutaşdyran oduny söndürýänçi roluny oýnaýarlar. Olar gaty akylly oýun oynaýarlar, olaryň oýnaýan oýnuna düşünmek üçin biz hem azyndan olarça akylly bolmaly.
XS
SM
MD
LG