Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda demokratiýa kampaniýaçysy tussag edildi


Azerbaýjan häkimiýetleri demokratiýaçy aktiwisti harby gullukdan gaçmakda aýyplap tussag etdiler.

Aktiwist Bagtyýar Hajyýewiň tarapdarlary onuň birinji gün, azeri-gürji serhetinden geçmekçi bolanda tussag edilendigini aýdýarlar. Bu onuň soňky aýlarda ikinji gezek tussag edilişidir.

Hajyýew şeýle aýyplama bilen noýabr aýynda hem gysga wagtlyk saklanypdy. Şonda “Amnesty International” azeri häkimiýetlerini hökümet opponentlerine garşy ýanamalary we gorkuzmany ulanmakda aýyplapdy.

Aktiwistiň tarapdarlary onuň harby gullugynyň daşary ýurtda okaýanlygy üçin kanuny suratda soňa goýlandygyny aýdýarlar.

Amerikada okan Hajyýew birinji tussaglygynyň öňüsyrasynda parlament saýlawlaryna garaşsyz kandidat bolupdy we azeri häkimiýetlerini berk tankytlapdy.
XS
SM
MD
LG