Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: milli howpsuzlyk ministrine berk käýinç berildi


Penşenbe güni Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň Baş komanduýuşisi, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirdi.

Maslahatda howpsuzlyk we kanun goraýjy pudaklara degişli ministrlikleriň we Döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabatlaryň jemini jemläp eden çykyşynda Türkmenstanyň prezidenti howpsuzlyk we kanun goraýjy organlaryň kadrlar düzüminde terbiýeçilik işlerini güýçlendirmekligiň hem-de kadrlaryň professional derejesini ýokarlandyrmaklygyň zerurlygyny nygtady.

Bu maslahatyň barşynda prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Amanowa “öz wezipe borjuny talabalyk ýerine ýetirmänligi we işde goýberen kemçilikleri üçin” berk käýinç yglan etdi.

Ýöne bu kemçilikleriň nämeden ybaratdygy barada welin resmi habar çeşmelerinde anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG