Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabuldaky partlamada 8 adam öldi, 6-sy ýaralandy


Anna güni Owganystanyň polisiýasy paýtagt Kabuldaky bir uly azyk dükanynda amala aşyrylan bomba partlamasynda 8 adamyň ölüp, 6 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Kabulyň polisiýa edarasynyň başlygy Mohammad Eýýub Salangi ölenleriň arasynda daşary ýurtlaryň raýatlaryndan üçüsiniň we bir çaganyň hem bardygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu partlama janyndan geçen bir hüjümçi tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Kabulyň berk goralýan kwartallaryndan birinde ýerleşýän bu söwda dükany daşary ýurtly raýatlaryň we baý owganystanlylaryň köp barýan dükany hasaplanylýar.

Bu wakanyň yzy bilen Talyban söweşijileri bu partlamanyň jogapkäkrçiligini öz üstlerine alyp, munuň düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän ozalky «Blackwater» (häzirki «Xe Serviсes») atly howpsuzlyk kompaniýasyna garşy protest görnüşinde gurnalandygyny aýdyp, maglumat ýaýratdylar.
XS
SM
MD
LG