Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minsk oppozisiýa bilen bagly käbir eglişige gidýär


Minskide başga ýere gitmezlik barada dil haty alnyp, KGB-niň wagtlaýyn derňew izolýatoryndan boşadylan iki syýasy tussaga öý tussaglygy yglan edildi.

Şol iki adamyň Belarusyň prezidentligine öňki kandidat Wladimir Neklýaýew bilen ikinji bir kandidat Andreý Sannikowyň aýaly, žurnalist Irina Halipdigini Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy habar berdi.

19-njy dekabrda prezident saýlawlary geçen güni bolan köpçülikleýin bidüzgünçiliklerde aýyplanan ýene birnäçe adam başga ýere gitmezlik baradaky dil hat bilen şenbe güni boşadyldy.

Anna güni agşam şol şert bilen “Hartiýa-97” oppozision saýtyň redaktory Natalýa Radina boşadylypdy.

Synçylaryň pikiriçe, belarus häkimiýetleri Ýewropa Bileleşiginiň maslahatynyň öň ýany şeýle ädimler edýärler.

31-nji ýanwarda boljak ÝB-niň maslahatynda Belarusa garşy sanksiýa girizmek meselesi maslahat ediler.

Belarusyň tussaghanalarynda ýene 30 töweregi adam şu iş boýunça saklanýar.
XS
SM
MD
LG