Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda dine dil ýetirendigi üçin 17 ýaşly oglan tussag edildi


Pakistanyň polisiýasy dine dil ýetirmezlik kanunyny bozandygy sebäpli 17 ýaşly oglany tussag etdi.

Berilýän maglumatlara görä, mekdep mugallymlarynyň şikaýat etmegi netijesinde Sami Ullah tussag edilipdir.

Polisiýanyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, ol Sami Ullahyň synag kagyzynda ýazan zadyny dile getirip bilmeýär. Sebäbi, eger-de ol ýazgydaky sözleri gaýtalasa, onda özüniň hem dine dil ýetirdigi boljakdygyny aýtdy.

Pakistanyň dine dil ýetirmezlik kanuny esasynda yslama şek ýetiren adama ölüm jezasy hem berilýär. Emma munuň bilen bagly henize çenli hiç kime ölüm jezasy çekmedi.
XS
SM
MD
LG