Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Domodedowo” partlamasy bilen bagly ençeme adam tussag edildi


24-nji ýanwarda Moskwanyň “Domodedowo” aeroportunda amala aşyrlan partlama bilen bagly birnäçe adam tussag edildi. Bu barada Orsýetiň howpsuzlyk gullugynyň başlygy aýdýar.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň başlygy Aleksandr Bortnikowyň telewideniýede eden çykyşynda aýtmagyna görä, tussag edilenlerde bu partlamany amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk eden adamlar we ulanylan transport boýunça maglumat bar.

Bortnikowyň nygtamagyna görä, Orsýetiň resmileriniň bu terror aktynyň arkasynda kimiň durandygy barada hem pikirleri bar.

Moskwanyň halkara “Domodedowo” aeroportunda janyndan geçen hüjümçiniň özüni partlatmagy netijesinde 36 adam ölüp, 180 töweregi adam ýaralanypdy.

Derňewçileriň aýtmagyna görä, bu partlamany amala aşyran janyndan geçen hüjümçi 20 ýaş töweregindäki demirgazyk kawkazly bolmaly.

Bu partlamanyň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG