Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kairde “terk edişlik güni” diýlip atlandyrylýan protest geçirilýär


Onlarça müň müsürliler paýtagt Kairde “terk edişlik güni” diýlip atlandyrylýan protestlere gatnaşýarlar.

Protestçiler prezident Hosni Mubaregiň häkimiýetden gitmegini talap edýärler.

Ençeme protestçiler paýtagt Kairiň Tahrir meýdançasynda we meýdança barýan ýollarda ýygnandylar.

Arab ligasy guramasynyň baş sekretary we müsüriň öňki daşary işler ministri Amr Moussa hem Tahrir meýdançasynda göründi.

Bu protestlere prezident Mubaregiň tarapdarlarynyň gatnaşýandygy barada entek maglumat berilmedi.

Ýurduň harbylary meýdançanyň ençeme künjeklerinde barlag-gözegçilik nokatlaryny gurdular. Bu Mubaregiň tarapdarlarynyň we garşydaşlarynyň iki günläp çaknyşmagyndan soň geçirilen çäre boldy.

Penşenbe güni prezident Mubarek ýurduň telewideniýesinde çykyş edip, özüniň häkimiýetden gitmek isleýändigini, emma ýurtda döremegi mümkin haosdan howatyrlanýandygyny aýtdy.

Emma, muňa garamazdan, BMG-niň Baş sekreatry Ban Ki-mun Müsüriň hökümetini “tizden-tiz” häkimiýet çalşygyny geçirmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG