Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: halk ýene köçelere çykdy


Müsüriň prezidenti Hosni Mubaregiň häkimiýet başyndan çekilmegine garaşýan protestçiler bir million adamy anna güni köçelerde ýöriş geçirmäge çagyrdylar.

Müsürdäki protestler hasam ýitileşýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:16 0:00
Wideo: Anna günündäki protestler, Kair.

Oppozision ýolbaşçylar, 82 ýaşly prezidenti häkimiýet başyndan çekilmäge mejbur eder diýen umyt bilen, anna günündäki köpçülikleýin ýygnanyşygy “terk edişlik güni” diýip atlandyrdylar.

Komendant sagadynyň girizilendigine garamazdan, penşenbe güni agşam müňlerçe protestçiler Tahrir meýdançasynda bolup, ol ýeri anna günündäki ýygnanyşyk üçin gorap sakladylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary edarasynyň başlygy Neýwi Pillaý häzirki bidüzgünçiliklerde 300-e golaý adamyň ölen bolmagy mümkin diýip, çak edýär.

Harby goşun geçen günlerde çaknyşyklara göni goşulman, protestçiler bilen Mubaregiň tarapdarlaryny aralamaga synanyşdy. Protestçiler esgerleriň şu wagta çenli özlerini esasan bitarap alyp barandyklaryny aýdýarlar.

Ýurduň polisiýa güýçleriniň bolsa, prezident Hosni Mubaregiň tarapdarlaryny işjeň goldanlygyna ynanylýar.


Fotosergi: Anna günündäki protestler, Kair.

Müsüriň täze premýer-ministri Ahmed Şafik Içeri işler ministrliginiň anna günündäki parahatçlykly ýörişleriň öňüni almajakdygyny aýtdy.

“Käbir polisiýa işgärleri we esgerleriň köpüsi Tahrir meýdançasynyň daşyny gurşap aldylar. Ýöne biz dürli garaýyşly toparlaryň arasynda çaknyşyk bolmazlygyny kepillendirmäge synanyşarys” diýip, Şafik aýtdy.

Üstümizdäki hepde prezident Mubarek tarapyndan bu wezipä bellenen Şafik özüniň protestçileriň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň talaplaryny diňlemäge taýýardygyny hem bildirdi.

“Köp protestçiler adam iberip, öz talaplaryny düşündirdiler. Men gepleşik geçirmek üçin ýaşlary kabul ederin. Şu wagt hem aramyzda dialog ýok däl. Bu iş taraplar arasynda bir eglişige ýol açar diýip, umyt edýärin” diýip, Şafik aýtdy.

Emma, bu çakylyga garamazdan, iki tarapyň bir ylalaşyga gelmegi aňsat däl. Oppozisiýa Mubarek häkimiýet başyndan çekilmese, gepleşik geçirmejekdigini aýdýar. Mubarek hem işini bu golaýda taşalajaga meňzänok.

“The New York Times” gazeti bolsa amerikan we arap diplomatlaryna salgylanyp, Waşingtonda Mubaregiň häkimiýeti geçiş hökümetine tabşyrmagy baradaky bir plan hakda pikir alşylýandygyny habar berdi. Bu hökümete wise-prezident Omar Süleýman baştutanlyk etmeli. Müsür harbylary hem ony goldamaly.

Wise-prezident Süleýman 3-nji fewralda demonstrantlary protestleri bes etmeklige çagyrdy. Ol şeýle hem çet ýurtlary bu protestleri öjükdirýänlikde aýyplady. Şondan soň daşary ýurtly žurnalistlere hüjüm edildi.

Waşington žurnalistlere degilmegini tankytlady. “Biz metbugat erkinligini goldaýarys. Müsür hökümetine muny ýetirdik. Esasy hukuk we azatlyk işine, nähili ýagdaýda hem bolsa, garyşylmagy bizi gaty aladalandyrýar” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Filip Krowleý aýtdy.
XS
SM
MD
LG