Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimleri halk saýlasa...


Buharanyň saýlaw komissiýasynyň başlygy parlament saýlawlary wagtynda, Özbegistan, 27-nji dekabr, 2009-njy ýyl.
Buharanyň saýlaw komissiýasynyň başlygy parlament saýlawlary wagtynda, Özbegistan, 27-nji dekabr, 2009-njy ýyl.
28-nji ýanwarda Özbegistanyň Andijan welaýatynyň Bulakbaşy etrabynyň häkimi Marufjan Rahymow öz wezipesinden boşadyldy. Andijandaky ýerli gazetleriň ýazmagyna görä, Rahymowyň 2,000 amerikan dollary möçberinde para alanda ele düşmegi onuň häkimlik kürsüsinden taýmagyna getirdi.

Häzir Bulakbaşy etrabyny täze häkim dolandyrýar. Etrabyň oňki häkimini-de, häzirkisini-de halk saýlamady. Olar, Özbegistanyň kanunlaryna görä, ýokardan bellendi. Şonuň üçinem synçylar täze häkimiň hem halka däl-de, özüni häkim edip goýan ýokarky edaralara hasabat bermeli bolýandygyny, ýokardan käýinç almazlyk üçin bar güýjüni ýokarkylaryň göwnüni tapmaga sarp edýändigini aýdýarlar.

Bulakbaşy etrabynyň ýaşaýjysy Açylhan Rahmankulow soňky 10 ýylyň dowamynda etrap häkimliginiň binasyna 35 gezek barandygyny aýdýar. Bu döwürde etrapda iki häkim çalşypdyr. Emma 10 ýylyň dowamynda iki häkimiň gapysy Rahmankulow üçin ýekeje gezegem açylmandyr.

“Men pensiýamy talap edip, häkimlige, häkimligiň binasyna 35 gezek bardym. Emma meni bir gezek hem kabul etmediler. Men häkim bilen hiç duş gelmedim. Arzymy aýdyp bilmedim. Biziň ýaly ýönekeý raýatlara başgaça garalýar-da” diýip, Açylhan Rahmankulow aýtdy.

Beýleki etraplarda-da şeýle

Etrap häkimleriniň gapylarynyň ýönekeý raýatlar üçin ýapykdygy diňe Bulakbaşyda däl, eýse beýleki etraplarda hem şonuň ýaly. Surhanderýa welaýatyndan Fahriddin Ahmedowyň sözlerine görä, ertap häkimleri adamalary kabul etmeýärler, öňküler ýaly adamlar bilen duşuşyp, olaryň hal-ýagdaýyny soramaýarlar.

“Etrap hakimliginiň binasyna girmek kyn. Gapynyň agzynda milisiýa işgärleri durýarlar. Girmek-çykmak gadagan. Biziň häkimimiz obamyza bir gezek geldi. Ol hem fermamyz pagta planyny dolanda, gelip gutlap gitdi. Obamyza aýlanyp, adamlaryň hal-ýagdaýyny soramady” diýip, Fahriddin Ahmedow aýdýar.

Jyzakly Sadyk Syddykow ertap häkimleriniň adamlaryň arasyna barmaga gorkýandyklaryny öňe sürýär: “Häkimler adamlaryň arasyna geleseler, olaryň soraglaryna jogap bermeli bolýarlar. Adamlaryň öz kynçylyklary bilen bagly köp soraglary bar. Olara gaz, suw, iş gerek. Soraglara nädip jogap bersinler? Şonuň üçin hem gorkup, gelmeýärler”.

Özbegistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň öňki işgäri Şahriýor Uzakowyň sözlerine görä, etrap häkimini welaýat häkimi teklip edýär. Olar prezident apparatynyň kadrlar boýunça maslahatçysy bilen söhbetdeşlikden geçenden soň bellenilýärler.

Adynyň agzalmagyny islemedik ministrligiň oňki işgäri häkimleri bellemek prosesiniň butinleý para ýatandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu wezipäni eýelemek üçin kandidatlar, prezident apparatyndaky gerekli adamlara azyndan 50 müň amerikan dollaryny bermeli.

Diňe Özbegistan däl

Parahorluk, korrupsiýa diňe Özbegistanda däl, eýse Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän ýurtlaryň hemmesinde-de gülläp ösýär. Şol sanda Türkmenistan hem korrupsiýanyň toruna düşen döwletleriň biri.

Türkmenistanda ministrlere we häkimlere berk käýinç we duýduryş berilmegi ýa-da olaryň işden boşadylmagy täzelik däl. Synçylar prezident Berdimuhamedowyň az wagtyň içinde parahorlukda we iş başarmazlykda günäläp, çalşyran resmileriniň we beren käýinçleriniň sany – onuň öz belleýän adamlaryndan asla kanagatlanmaýandygyny gökezýär diýen pikirde.

Käbirleri bolsa muny ýurtdaky korrupsiýa bilen baglanyşdyrýarlar. Bäherdenli graždan aktiwisti Sazak Durdymyrat Türkmenistanyň howpsuzlyk işgärleriniň hemme zada gatyşýandyklaryny, biznes etseňem, okuwa we işe girjek bolsaňam, howpsuzlyk gullugyndan arka gerekdigini aýdýar. Bu ýagdaý bolsa Türkmenistanda korrupsiýanyň has-da ösmegine getirýär.

Özbegistanly öňki resmi Şahriýor Uzakow etrap häkimlerinden başlap, ähli ýokary wezipelere kandidatlary halk saýlasa, olaryň diňe ýokarky ýolbaşçylara ýaranjak bolman we öz jübüsiniň aladasyny etmän, halkyň bähbidine işlejekdiklerini nygtaýar.
XS
SM
MD
LG