Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu mesele bilen gyzyklanyp, Waşingtonda ýerleşýän Merkezi Aziýa we Kawkas institutynyň ýolbaşçylaryndan sebit boýunça ekspert Dr. Swante Kornel bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde Müsürde we ondan ozal Tunisde bolan wakalar hakda gürrüň edip oturmak gerek dälmikä diýýärin. Şol iki ýurdy dolandyrýan döwlet strukturasy bilen Merkezi Aziýada höküm sürýän režimleriň hem-de ýurtdaky ýagdaýlaryň arasynda haýsydyr bir tapawut ýa meňzeşlikler göze ilýärmi?

Tapawutlar barada gürrüň edilende, öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň dolandyrylyş düzgüni Ýakyn Gündogardaky hökümetlerden belli bir derejede tapawut edýär. Şol bir wagtyň özünde-de Müsürde, Tunisde we Ýakyn Gündogarda ýerleşýän beýleki ýurtlarda bolan we bolup geçýän wakalar mundan birnäçe ýyl ozal Gyrgyzystanda, Gürjüstanda we Ukrainada bolupdy. Netijede regionyň entek rewolýusiýa turmadyk ýurtlarynda şeýle ýagdaýlaryň döremezligi üçin öňünden berk çäreler görüldi.
Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlara syn etsek, göze ilýän başga bir waka hem uly möçberde nebit öndürýän ýurtlarda şeýle hereketleriň bolmazlygydyr. Sebäbi nebitden gelýän girdeji şol ýurtlary dolandyrýan hökümetleriň güýçlenmegine we belli bir derejede ilatyň ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam etdi. Şol nukdaýnazardan seretsek, Gazagystan, Azerbaýjan we Türkmenistan ýaly ýurtlarda şeýle rewolýusiýalaryň geçirilmek howpunyň azdygyny aýtsa bolar. Sebäbi häzirki döwürde şol ýurtlara pul barýar we ol serişdeler-de belli bir derejede ilatyň bähbidine ulanylýar. Emma bu ugurda üns berilmeli ýurtlar: Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistandyr.
Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistan bilen bir hatarda Azerbaýjanda we Gazagystanda şeýle ýagdaýlaryň emele gelmek howpunyň azdygyny aýtdyňyz, eger şeýle bolsa onuň sebäbi ilatyň ýagdaýynyň gowulygyndanmy ýa-da başga sebäpleri barmy?
Dr. Kornel: Meniň pikirimçe, köp zat biri-birine bagly. 1990-njy ýyllarda Sowet Soýuzy dargandan soň, öňki Sowet Soýuzyna girýän respublikalarda ilatyň durmuş şertleri örän pese gaçypdy. Emma nebit öndürýän ýurtlarda ilatyň durmuş şertleri häzirki döwürde belli bir derejede gowulaşdy. Eger dürli görkezijilere seretseňiz, ilat mundan bäş-alty ýyl öňki ýagdaýy bilen deňeşdirilende, gelejege has umytly garaýar.
Emma nebite baý bolmadyk ýurtlaryň ýagdaýy belli bir derejede gözgyny, bu meselede esasanam Gyrgyzystan barada gürrüň etmek mümkin. Täjigistanyň hem ýagdaýy örän erbet.
Azatlyk Radiosy: Onda Ýakyn Gündogarda bolup geçýän wakalar Özbegistan ýa Täjigistan ýaly ýurtlarda gaýtalanyp biler diýip bolarmy?
Dr. Kornel: Men şeýle bolar diýip, pikir edemok. Öň hem aýdyşym ýaly, Merkezi Aziýadaky awtoritar ýurtlar Gürjüstanda we Ukrainada bolan wakalardan soňra, belli bir derejede taýýarlyk gördüler. Şeýle rewolýusiýalaryň emele gelmegine we onuň möwjemegine sebäp bolýan zatlardan biri hem bu ugurda halkyň maglumat serişdeleri bilen üpjünçiligidir.
Ýakyn Gündogarda bolup geçýän wakalara seredenimizde, tutuş regiony öz içine alýan we arap dilinde gepleşikleri efire berýän telekanalyň bardygy göze ilýär. “Al-Jazeera” telekanal arkaly Müsüriň we arap dünýäsinde ýerleşýän beýleki ýurtlaryň ilaty Tunisde bolup geçen wakalar bilen tanyş boldular.
Öňki Sowet Soýuzynda ýerleşýän ýurtlaryň ilaty “Al-Jazeera” telekanalyna seredenoklar. Olar maglumat üçin araplar tarapyndan kontrollyk edilýän habar serişdelerine-de bil baglanoklar, belki, olar habarlary ors ýa öz dillerinde gepleşik berýän çeşmelerden alýandyrlar. Şol habar çeşmeleri-de syýasy ýolbaşçylar tarapyndan kontrollyk edilýän kanallardyr, emma “Al-Jazeera” kontrollyk edilenok. Şonuň üçin men Ýakyn Gündogarda bolup geçýän wakalaryň öňki Sowet Soýuzynda ýerleşýän ýurtlaryň ilatyna täsiri o diýen uly bolar öýdemok.
Azatlyk Radiosy: Emma Tunisde we soňra Müsürde bolan wakalaryň sebäplerine seredenimizde, onuň Merkezi Aziýanyň ýagdaýyndan o diýen tapawutly däldigine şaýat bolýarys. Meselem, halk işsizlige, korrupsiýa we halkyň sosial ýagdaýynyň pesligine garşy protest gurnap, köçelere çykdylar, şeýle dälmi?
Dr. Kornel: Elbetde, iki regionyň arasynda meňzeşlikler bar. Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ýurtlarda halkyň köçelere çykmagyna sebäp bolan zatlaryň Merkezi Aziýada hem ýüze çykmagy mümkin.
Şeýle ýagdaýlaryň esasan hem nebite baý bolmadyk ýurtlar, ýagny Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Täjigistanda emele gelmegine garaşyp bolar. Emma olar häzirki döwürde bolar diýip biljek däl.
Beýleki tarapdan, Ýakyn Gündogar Merkezi Aziýa bilen deňeşdirilende has globallaşan region, şol sebitde ýerleşýän döwletler halky informasiýa serişdelerinden üzňe saklap bilmeýärler. Emma öňki Sowet Soýuzynyň giňişliginde ýerleşýän ýurtlarda hökümetler heniz hem habar serişdelerini öz kontrollygynda saklap gelýärler. Internetiň ýagdaýy belli, telekanallar hem döwletiň gözegçiliginde. Şonuň üçin biz Müsürde, Tunisde we Ýakyn Gündogarda bolup geçýän wakalaryň Merkezi Aziýa o diýen täsirini ýetirmeýänligine şaýat bolýarys.