Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serb oppozisiýasy hökümete garşy protest geçirdi


On müňlerçe serb merkezi Belgradda protest geçirdi. Bu soňky ýyllarda geçirilen iň uly anti-hökümet protesti bolup, 2012-nji ýyla bellenen saýlawlardan öň oppozisiýanyň kuwwatyny görkezmek üçin guraldy.

Serbiýanyň töwereklerindäki şäherlerden ýörite awtobusly gelen protestçiler we oppozisiýanyň paýtagtly tarapdarlary parlament binasynyň öňüne üýşüp, «Demokratiki partiýa, gitmegiň wagty geldi, biz aç» diýen şygarly plakatlary ýokaryk galdyrdylar.

Bu ýygnanyşyk Serbiýanyň Progres partiýasynyň lideri Tomislaw Nikoliç tarapyndan gurnaldy.

Serbiýa 2009-njy ýylyň ykdysady çökgünliginden çykmaga darjaşýar.

Geçen aý mekdepleriň köpüsinde mugallymlar iş taşlady we bu hepde olara garaşsyz polisiýa bileleşigi hem goşuldy. Saglyk işgärleri hem bu iş taşlaýyşa goşulmaklarynyň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG