Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Niliň ýakasyndaky Daşkent


Daşkentdäki Emir Teýmirleň meýdançasy
Daşkentdäki Emir Teýmirleň meýdançasy
Mundan birnäçe ýyl ozal ilkinji gezek Müsürde saparda bolanymda, Özbegistanyň bu ýurtdan juda uzakda ýerleşýänligine garamazdan, bu iki ýurduň arasyndaky meňzeşlikler gözümden sypmandy. Kairiň şagalaňly bazarlary Daşkendi ýadyma salan bolsa, Aleksandriýada deňiz önümlerinden ybarat bir naharhanada iýen naharym Samarkandyň süýji naharlaryny ýadyma salypdy. Şol naharlaryň tagamy sebäpli töwerekden akyp duran hapa suwlara hem gözüm düşmeýärdi.

Men şol saparyň dowamynda müsürlileriň hem özbekler ýaly myhmansöýer milletdigine, durmuşyň kynçylyklaryna garamazdan, sabyrly we optimistdigine göz ýetiripdim. Iki ýurduň taryhy geçmişi we ilatynyň aglaba köpüsiniň ýaşlardan ybarat bolmagy hem biri-birine meňzeşdi.

Özbegistanda bolşy ýaly, Müsürde hem köçelerde aýlanyp ýören polisiýa güýçleriniň sany orän köp ekeni. Kerimowyň portretleri ýaly, Müsürde prezident Hosni Mubaregiň portretlerini-de ähli ýerde: köçelerde, dükanlarda, ofislerde meýdanlarda, garaz her ýerde görmek mümkin.

Kerimow bilen Mubarek ikisi öz ýurtlaryny onlarça ýyldan bäri berk düzgün esasynda dolandyryp gelýärler. Olar ýurtda höküm sürýän berk düzgüniň zerurlygyny, ekstremistler we terroristler tarapyndan abanýan howp bilen düşündirýärler. Kerimow ýaly, Mubarek hem özüne garşy çykýan islendik topary, dünýewi ýa dindar güýçler diýmän, basyp ýatyrýar. Ol ýüzlerçe adamy türmä basdy. Onuň ýüzlerçe garşydaşy bolsa ýurdy terk etmäge mejbur boldy.

Müsür arap äleminiň iň uly ýurdy we ol regionyň uly aktýorlaryndan biri. Özbegistanyň hem öz ýerleşýän regionynda uly orny bar. Onuň sebäplerinden biri hem Özbegistanyň energiýa baýlygydyr. Özbegistan bilen Müsüriň ikisiniň hem ABŞ bilen strategiki gatnaşygy bar.

Özbegistanyň Owganystana goňşy bolmagy bu ýurduň ähmiýetini hasam artdyrýar we bu ýurt Owganystanda ýerleşýän daşary ýurt harbylaryna iberilýän ýardam boýunça esasy tranzit geçelgelerden hem biri bolup durýar. Şol strategiki sebäpler nukdaýnazaryndan hökümete degişli bolmadyk toparlaryň Özbegistanda adam hukuklarynyň bozulýanlygy, syýasy hak-hukuklaryň kemsidilýänligi we ykdysady azatlyklaryň ýokdugy baradaky aýyplamalaryna hem o diýen üns berilmeýär.

Müsürli intellegensiýa wekilleri bilen geçiren söhbetdeşliklerim olaryň ýagdaýynyň hem Özbegistandaky kärdeşleriniňkiden tapawutly däldigini görkezdi. Müsürli ýaşlarynyň problemalary hem özbek ýaşlarynyňky ýaly işsizlik, korrupsiýa, syýasy we ykdysady taýdan erkin iş alyp barmaga mümkinçilikleriniň bolmazlygydyr.

Awtoritar düzgün

Müsürde ýakynda peýda bolan protestleriň esasy sebäplerinden biriniň açlykdygy aýdylýar. Emma beýleki tarapdan, her ýyl Müsüre ABŞ millionlap kömek edýär, emma onuň halkyň ýagdaýyna o diýen peýda bermeýändigini aýtmak mümkin.

Şeýle-de onlarça ýyl dowam eden repressiýa, ýurtda göze görnüp duran oppozision toparlaryň we geçiş döwründe ýolbaşçylyk etjek lideriň hem ýokdugy ýaly ýagdaýy ýüze çykardy. Hut şu ýagdaý hem 30 ýyllap diktatorlyk usulynda dolandyrylan bu ýurt we onuň ilaty köppartiýaly demokratik düzgüne geçmäge taýýarmy diýlen soragy ýüze çykardy.

Gynansak-da, bu nukdaýnazardan Özbegistanda hem ýagdaý tapawutly däl. Meniň ata Watanym feodal düzgünden sowetleriň kontrollygyna we ondan soň hem awtoritar düzgünde dolandyrylýan sistema geçdi.

Käbir standartlaryň jähtinden seretsek, bu ýurtda geçirilýänligi aýdylýan “utanç döredýän saýlawlar”, ýasama hökümet we näme diýilse, möhür basyp otyran kanun çykaryjylaryň bardygy göz öňüne alnanda, Özbegistandaky häzirki sistemany “bikanun demokratiýa” diýp häsiýetlendirse bolar.

2001-nji ýylda Öazbegistan bilen ABŞ özara şertnama gol goýdy. Şol ylalaşyk Özbegistanda syýasy we ykdysady reformalaryň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bu ylalaşyk ýurtda käbir özgerişlikleriň bolmagyna ýol açdy. Meselem, hökümete degişli bolmadyk ýerli guramalara medeni, sosial we bilim pudaklary boýunça iş alyp barmaga rugsat edildi. Hökümet hat-da syýasy reformalary amala aşyrjakdygyny hem aýtdy we ABŞ şeýle çäreleriň amala aşyrylmagyna uly goşandyny goşdy.

Emma Kerimowuň hökümetiniň 2005-nji ýylda Andijandaky protestçilere garşy güýç ulanmagy, amala aşyrylan şeýle kiçijik özgerişleriň hem üstüne atanak çekdi. Waşingtonyň Özbegistanda bolan şol waka garşy çykanlygy zerarly Kerimow Amerikanyň Özbegistandaky harby bazasyny ýapmagyny talap etdi.

Emma soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu iki ýurduň gatnaşygynda ýene ösüş göze ilýär, diýmek, Waşingtonyň Özbegistanda graždan jemgyýetini ösdürmäge goşant goşmaga mümkinçiligi bar. Kerimow garradykça, Özbegistanda özgerişligiň bolmak mümkinçiligi hem artýar.

Esasy sorag: şol pursat gelip ýetende, Özbegistan şeýle özgerişlikleriň parahatçylykly ýagdaýda bolup geçmegi üçin taýyar bolarmy?

Naseeba Mansor Birleşen Ştatlarda iş alyp barýan žurnalist we analitik. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG