Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Höwrüň köp bolsun, «Dünýä edebiýaty»!


«Dünýä edebiýaty» žurnaly 28 çap kagyzdan, 226 sahypadan ybarat.
«Dünýä edebiýaty» žurnaly 28 çap kagyzdan, 226 sahypadan ybarat.
Türkmenistanda şu ýyldan çap edilip başlanan «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň birinji sany okyjylara gowuşdy. Täze neşir Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň žurnalyň işgärlerine hem okyjylaryna ýüzlenmesi bilen açylýar. Onuň yzyndan döwlet baştutanynyň çeper edebiýat hem terjimeçilik sungaty hakynda aýdanlary berlipdir.

Žurnalyň işgärleri Prezidente minnetdarlyk ýüzlenmelerinde: «Öňden baý hünär, ukyp, başarnyk gory, köpýyllyk zähmet tejribesi bolan terjimeçilerimiz ýaşlara halypalyk ederler» diýip bellemek bilen, bu žurnalyň çeper terjimäniň ussahanasyna öwrülip, iňlis, nemes, fransuz, ispan, hytaý, hindi, arap, pars, türk, ýapon, koreý we beýleki dillerden türkmen diline çeper terjime etmegiň ösdüriljekdigine ynam edipdirler.

Mazmuny

Halypa terjimeçi D.Berdiýewiň näbelli rus awtory tarapyndan ýazylan «Mährem enäniň ýazgylary», D.Çonkadzäniň «Suram galasy», A.Taganowyň W.Şukşinden «Duzlamak» hekaýalaryny, K.Gurbanmyradowyň Jelaletdin Rumydan mesnewilerini, Konfusiden «Paýhaslary», J.Londondan «Durmuşyň kanuny» hekaýasyny, A.Gurbannepesowyň N.Maşenkodan «Ene hakda hekaýat» hekaýasyny, alym R.Mustakowyň F.Baumdan «Oz ýurdunyň jadygöýi» ertekisini şowly terjime hasaplasa bolar.

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň birinji sanyndan
A.Atabaýewiň, A.Agabaýewiň, A.Mämmedowyň, N.Rejebowyň, T.Annaberdiýewiň Gýotäniň, Puşkiniň, G.Wiýeruriň, A.Kunanbaýewiň, N.Rubsowyň goşgularyndan terjimeleri okyjylary nusgawy dünýä poeziýasy bilen ene dilimizde tanyşdyrýar.

G.Daşgynowyň, O.Çaryýewiň, A.Hemidowyň, H.Amangeldiýewiň, M.Mämmetgurbanowyň, H.Hudaýgulyýewiň dünýä edebiýatynyň dürli ugurlaryndan eden terjimeleri türkmen halypa terjimeçilik mekdebiniň dowam etjekdigine ynam döredýär.

O.Nurberdiýewanyň Ýusup Balasagunlynyň «Kutadgu-bilik» eserinden, talyp gyz D.Begnazarowanyň «Arap hekaýatlaryndan» eden terjimeleri bolsa zehinli ýaşlarymyzyň ýetişip gelýändigini subut edýär.

Emma M.Hanmämmedow bilen G.Ýazgeldiýewiň bilelikde meşhur liwan ýazyjysy Jebran Halyl Jebranyň «Ýagşyzada» eserinden eden terjimeleri şowly çykmandyr. Sebäbi awtorlar bu eseri asyl nusgasyndan däl-de, terjimäniň terjimesini edene meňzeýär. Şonuň üçin eseriň çeperçiligi saklanmaga çalşylanam bolsa, filosofiýasyndan daşlaşylypdyr ýa-da köpsözlülige ýol berlipdir. Islendik eseriň özüniň asyl nusgasyndan hem terjimeçiniň ýeke özi tarapyndan terjime edilse, kämil bolýandygy subut edilen hakykatdyr.

«Dünýä edebiýaty» žurnaly 28 çap kagyzdan, 226 sahypadan ybarat, onuň kiosklardaky bahasy 5 manat. Žurnalda on bölüm bolup, «Gündogar edebiýaty», «Çagalar edebiýaty», «Döredijilik ussahanasy» ýaly bölümleriň bolmagy guwandyryjydyr. Ussat türkmen-sowet ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň dünýä edebiýatynyň meşhur ýazyjy-şahyry hökmünde goýulmagy gutlanmaga mynasypdyr.

Okyjylaryň arzuwy

«Dünýä edebiýatynda» jahandaky ussat ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginden bölekler terjime edilendigine garamazdan, olar, esasan, geçmişi beýan edýän, öwüt-ündewi wagyz edýän eserlerdir. Okyjylar žurnalyň indiki sanlarynda diktaturany ýazgarýan, sosial durmuşy temalara degişli dünýä edebiýatynyň nusgalyk eserleri bilen tanyşjakdyklaryna umut edýärler.

Käbir okyjylar «Dünýä edebiýatynyň» ýüzünde «Howandary Türkmenistanyň Prezidenti» diýen ýazgynyň durmagy bilen bu žurnalyň hem syýasatyň gurbany bolmagyndan elheder edýärler. Şonuň üçin olar döwlet baştutanynyň karary bilen döredijilik işgärleriniň terjimeçilik birleşiginiň, mekdebiniň döredilip, «Dünýä edebiýatynyň» döredijilik işgärleriniň terjimeçilik birleşiginiň organyna öwrülmegini isleýärler. Şeýle edilen halatynda žurnalyň işgärleri diňe çeper döredijilik bilen meşgullanyp, halka dünýä edebiýatynyň nusgalaryndan kämil terjime eserleri hödürlärler.

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň işgärleriniň heniz tejribeleriniň ýetik bolmanlygy üçin žurnalyň gyssagara taýynlanandygy görünýär. Emma, bu ýagdaýy göz öňüne tutsaň, olaryň öndümli işländigini aýtsa bolar.

«Dünýä edebiýaty» žurnalynda jahanyň çar künjeginde ýaşaýan türkmenleriň meşhur ýazyjylarynyň eserleri hem çap edilse göwnejaý bolardy. «Gara spisoklar» ýatyrylyp, eserleri çap edilmedik ýa-da ene dilinde eser ýazmaýan ýazyjy-şahyrlarymyzyň kämil eserleri-de şu žurnalda çap edilse ýerine düşerdi. Umuman, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň terjimeçileriň halypa-şägirtlik mekdebine öwrülmegine ähli şertleri döretmek gerek.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG