Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boş hyýal ýaly görünse-de, alymlar Sibirdäki mamontlary ‘direltmegi’ göz öňünde tutýarlar


Orsýetde tapylan doňan mamontyň çagasy. Alty aýlyk mamontyň çagasyny Ýamal ýarym adasynda bir aýal tapypdyr. Onuň 10,000 ýyl mundan ozal ölendigi çak edilýär.
Orsýetde tapylan doňan mamontyň çagasy. Alty aýlyk mamontyň çagasyny Ýamal ýarym adasynda bir aýal tapypdyr. Onuň 10,000 ýyl mundan ozal ölendigi çak edilýär.

Hemme alymlaryň rak keseline ýa-da AIDS-e (SPID) çäre tapmak ýaly beýik hyýallary bar.

10,000 ýyl mundan ozal nesli ýitip giden mamontlary klonirlemek ilki başda jedelli mesele bolup görnen hem bolsa, ýapon alymy muny Orsýetiň goldawy bilen amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Ýaponiýanyň Kinki uniwersitetiniň Perspektiw tehnologiýalar institutynyň direktory professor Akira Iritani soňky 13 ýylyň dowamynda mamontlary täzeden dikeltmek boýunça proýektiň düýbüni tutdy.

"Şu günki günde adamzat nesli ýitip giden haýwanlary dikeltmäge borçly, sebäbi häzirki medeniýet olaryň ýaşaýyş sferasyny derbi-dagyn etdi" diýip, Iritani aýdýar.

Pleýstosen park Kolyma derýasynyň başlanýan ýerinde ýerleşýän hususy tebigy zapowednik. Ol Sibiriň günbatar-gündogaryndaky Arktik okeanynyň 150 km günortasynda. Bu ýer bir wagtlar tüýjümek mamontlaryň ýaşan ýeri diýip hasap edilýär. Şu ýer geljekki mamontlar üçin ýaşaýyş ýeri bolmagy mümkin.

Sergeý Zimow tebigaty goraýjy we parkyň ýolbaşçysy. Ol şu wagt parkyň 10,000 ýyl ozalky şekilini dikeltmäge çalyşyar. Şol wagtlar bu ýerde sugunlar, ýabany atlar we bizonlar ýaşapdyrlar.

“Meniň işim mamontlaryň ekosistemasyny dikeltmek, bu ýer olaryň ýaşamagy üçin tüýs amatly. Bu proýekt maňa başartdy diýip pikir edýärin” diýip, Zimow aýdýar. “Şonuň üçin eger-de mamontlary direltmek boýunça işi maliýeleşdirjek adam tapylsa, onda mamontlar üçin ýaşamaga ýer taýýar.”

Ine! Çagaja mamont

Akira Iritani Ýaponiýadaky laboratoriýasynda geljek bäş ýylyň içinde mamonty klonirlemegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar. Professoryň soňky planlary piliň ýumurtga öýjüginden ýadrony aýryp, onuň ýerine mamontyň doňdurylan DNK-syny goýmakdyr. Teoriýa boýunça şeýle etmek embriony, ýagny düwünçegi emele getirip biler. Şol embrion piliň ýatgysyna goýlanda 22 aýdan soň mamont çagasynyň dogmagy mümkin.

Şeýle çylşyrymly sosial jandary emele getirmegi we ony üzňelikde ulaltmagy göz öňüne getirer ýaly däl… Onuň durmuşynyň nähili boljagy nämälim.
Iritani bu proýektiň Kinki uniwersiteti, şeýle hem ýapon we rus barlag institutlary tarapyndan maliýeleşdirilýändigini aýdýar. Paleontologlar we konserwatorlar şeýle başlangyçlaryň dogrulygyna we etiki taýdan kabul edip boljaklygyna şübhe bildirýärler. Olar bu proýekte goýberiljek puluň nesli ýitip barýan haýwanlar üçin ulanylmagyny has rowa görýärler.

Miçigan uniwersitetiniň Paleontologiýa muzeýiniň professory Daniel Fişer soňky birnäçe ýylyň dowamynda Sibiriň baky doňaklyklarynda tapylan mamontlaryň jesetlerini bölekläpdir. Ol klonirlemek üçin gerekli sagdyn öýjükleri entek gözläp tapmalydygyny aýdýar.

“Şu wagt elimizde ýadrosyna zeper ýetmedik öýjüklerimiz ýok. Gürrüňi edilýän klonirlemek işi üçin bolsa, ine, şeýle öýjükler gerek” diýip, Fişer belleýär.

Fişer klonirlemek üçin peýdaly bolup biljek her bir tapylan zadyň, öýjükleriň iňňän köp barlanmagynyň zerurlygyny, mundan başga-da bu işde şowlulyga bil baglamalydygyny aýdýar.

'Bozulan' DNK

Londondaky Tebigy Taryh muzeýiniň Paleontologiýa bölüminiň professory Adrian Lister professor Fişeriň pikirine goşulyp, mamontlaryň DNK-synyň bozulandygyny, şeýle hem mamontlaryň ýaşamagy üçin amatly şertlerdäki ýeriň bolup bilmejekligi barada alada bildirýär.

Tüýjümek mamontyň skeleti
“Olaryň tebigy ýaşaýyş sredasy ýitip gitdi. Demirgazykdaky mamontlar üçin ýaşaýyş ýeri bolan meýdanlar häzir ýok, belkem şol sebäpli mamontlaryň nesliniň müňlerçe ýyl mundan ozal tükenen bolmagy ähtimal” diýip, Lister aýdýar. “Tebigy meýdanlaryň ýitip gitmegi bilen biz mamontlary gabawda saklamaly bolardyk.”

Fişer mamontlaryň edil piller ýaly çylşyrymly gylyk-häsiýet we kommunikasiýa endikleri bilen bilelikde örän sosial jandardyklaryny aýdýar.

"Şeýle çylşyrymly sosial jandary emele getirmegi we ony üzňelikde ulaltmagy göz öňüne getirer ýaly däl… Onuň durmuşynyň nähili boljagy nämälim" diýip, Fişer belleýär.

Ikinji pikirler

Naýda Laksutof ABŞ-nyň Nebraska ştatynyň Omaha şäherindäki Henry Doorly haýwanat bagynyň reproduktiw ylymlaryny öwrenýän bölümiň ýolbaşçysy. Ol Iritani we onuň topary bilen işleýär. Iritani ony 2009-njy ýylda Ýaponiýadaky Kinki Uniwersitetinde konserwatiw biologiýa boýunça leksiýa bermäge çagyrypdyr. Şol wagt Naýda Iritaniniň özünden pilleriň ýumurtgalaryny tapmagyny we olary mamontyň embrionyny almak üçin piliň içine ýerleşdirmek isleýändigini aňypdyr.

Naýda Iritanini bu ulgamda pioner hasap edýär, emma ol özüniň bu proýekte gatnaşyp bilmejekdigine göz ýetiripdir.

“Meniň pikirimçe, bu proýekte ediljek çykdajylaryň we resurslaryň netije berjekdigi gümana” diýip, ol aýdýar. “Munuň deregine göz öňünde tutulýan pullaryň, resurslaryň şu günki günde ýaşap ýören, emma dowamaty howp astynda bolan jandarlaryň bähbidi üçin ulanylsa has ýerlikli bolardy.”

Bu proýekt baradaky şübhelere garamazdan, Iritani mamontyň has gowy saklanan dokumasyny tapmak üçin tomusda Sibire gitmekçi.
XS
SM
MD
LG