Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalary geçirer


ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Robert Bleýk (sagda) we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň demokratiýa, adam hukuklary we zähmet meseleleri boýunça kömekçisi Maýkl Pozner, Aşgabat, 14-nji iýun, 2010-njy ýyl.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Robert Bleýk (sagda) we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň demokratiýa, adam hukuklary we zähmet meseleleri boýunça kömekçisi Maýkl Pozner, Aşgabat, 14-nji iýun, 2010-njy ýyl.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk Türkmenistana we Özbegistana sapar edýär.

Amerikan wekili Robert Bleýk 14-19-njy fewral aralygynda bu ýurtlara sapar edýän ABŞ-nyň agentlikler ara resmi toparlaryna baştutanlyk eder we ikitaraplaýyn konsultasiýalary geçirer.

Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Robert Bleýk çarşenbe güni Aşgabatda ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalary geçirer. Şeýle-de ol Türkmenistanyň hökümet resmileri, biznes ýolbaşçylary we graždan jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşar.

Birleşen Ştatlar Merkezi Aziýa döwletleri bilen ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalary 2009-njy ýylda ýola goýupdy. Türkmenistan bilen bu formatdaky ilkinji konsultasiýa geçen ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilipdi.

Şeýle konsultasiýalaryň geçirilmegi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny, şol sanda strategik hyzmatdaşlygy, adam hukuklaryny, ykdysady meseleleri we regional problemalary doly derejede maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçhinasynyň beýannamasyna görä, şu saparky gepleşikler Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak we howpsuzlyk, adam hukuklary hem söwda-ykdysady ugurlardan hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelelerini öz içine alar.

Emma ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýkiň Aşgabatda geçirjek ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalarynda we türkmen resmileri bilen duşuşyklarynda adam hukuklary meselesine näderejede üns beriljegi belli däl.

16-njy fewralda Aşgabatda boljak gepleşikleriň mazmuny barada žurnalistlere habar bermek üçin Robert Bleýkiň metbugat konferensiýasyny geçirmegine garaşylýanlygyny ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik işleri boýunça wekili William Stiwens Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Adam hukuklary we “dialog”

Synçylar demokratik gymmatlyklary öňe sürýän Günbatar döwletleriniň repressiw režimler bilen öz gepleşiklerinde bu ýurtlarda adam hukuklaryna näderejede hormat goýulýanlygyna ýeterlik üns bermeýändiklerini öňe sürýärler.

Ýakynda adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasynyň ýerine ýetiriji müdiri Kennet Ros Günbatar döwletleriniň respressiw režimler bilen gatnaşyklarynyň köplenç “hyzmatdaşlyk” we “dialog” ýolundan alnyp barylýanlygyny belläpdi.

Kennet Rosuň pikirine görä, adam hukuklary ýaly wajyp meseleler gozgalsa-da, olary ýapyk gapylaryň aňyrsynda maslahat etmäge mümkinçilik berýän şeýle ýol repressiw režimleriň göwnünden turýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, adam hukuklaryny bozýan döwletleriň şeýle hilelerine boýun bolmak bilen günbatar hökümetleri özlerini aldadýarlar, şeýlelikde alnyp barylýan dialog reformalara ýol açmagyň deregine taňkytçylaryň gözüne çöp atmak bolup görünýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýk 17-nji, 18-nji fewralda Daşkentde bolar we Özbegistan bilen hem ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalary geçirer.

Türkmenistan we Özbegistan halkara guramalaryň hasabatlarynda iň repressiw döwletleriň hatarynda görkezilýär. Bu ýurtlarda metbugat we söz azatlygy, ýygnanyşmak azatlygy, dini erkinlik gözgyny ýagdaýda, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň işi bolsa çäklendirilen, olar yzygiderli basyşlara sezewar edilýärler.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk öz döwründe Birleşen Ştatlaryň Tunisdäki, Alžirdäki, Nigeriýadaky we Müsürdäki ilçihanalarynda işläpdi.
XS
SM
MD
LG