Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýakyn Gündogarda protestler dowam edýär


16-njy fewralda Bahreýniň paýtagtynyň merkezinde müňlerçe şaýylaryň gatnaşmagynda ikinji gün protestler dowam etdi.
16-njy fewralda Bahreýniň paýtagtynyň merkezinde müňlerçe şaýylaryň gatnaşmagynda ikinji gün protestler dowam etdi.
Müsürde hem Tunisde hökümet agdarylyşygyna getiren protest demonstrasiýalary Ýakyn Gündogar hem Demirgazyk Afrika regionynda ýerleşýän beýleki ýurtlara-da ýaýramagyny dowam edýär.

Çarşenbe gün müňlerçe adam Bahreýniň paýtagtynda, bu zorluklarda heläk bolan iki adamyň ýasyna ýygnanyp, hökümete garşy protest geçirdiler. Protestleriň Liwiýada hem ýüze çykandygy habar berilýär.

16-njy fewralda ýüzlerçe adam Liwiýanyň Bengazi atly şäherinde hökümete garşy demonstrasiýalary geçirdiler. Liwiýa ýaly awtokratik režimli ýurt üçin şeýle demonstrasiýalar gaty seýrek bolýan waka. Bu protestler Tunisden başlap, soňra Müsüre hem beýleki ýurtlara ýaýrady.

Bengazide protestleriň bolanlygyny hiç bir garaşsyz çeşme tassyklamady. Emma, gözli şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, demonstrasiýa çykan ilat polisiýany daşlap, garşylyk bildiripdir. Polisiýa bolsa protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazy, suwy hem rezin okly tüpeňleri ulanypdyr.

Bu protest barada internetde ýerleşdirilen wideoýazgyda demonstrantlaryň şygarlary gygyryp, ýöriş geçirenliklerini görüp bolýar. Liwiýanyň hususy Kurina internet neşiriniň beren maglumatlarynda bu protestlerde 14 adamyň ýaralanandygy, olardan 10-nyň polisiýa işgäridigi aýdylýar.

Liwiýanyň hökümeti welin, bu waka barada dymýar. Bu ýurduň döwlet telewideniýesinde berlen maglumatlarda protestleriň ýurda 40 ýylyň dowamynda ýolbaşçylyk edýän Muammar Kaddafini goldap geçirilendigi aýdyldy.

Azatlyk Radiosyna gowuşýan maglumatlarda Bengazidäki protestlere hökümetiň tankytçysy, käri boýunça ýurist Fathi Terbiliň tussag edilmeginiň sebäp bolandygy aýdylýar. Soňra aktiwist Terbil tussaglykdan azat edilipdir. Emma, muňa garamazdan, protestleriň dowam edýändigi habar berilýär.

Ýakyn Gündogarda dowam edýän protestlere bu ýurtlardaky işsizligiň, bahalaryň ýokarlanmagynyň hem bu ýurtlara awtoritar liderleriň ýolbaşçylyk etmeginiň sebäp bolandygy aýdylýar.

Geçen hepdede hökümete garşy protestler Alžirde, Bahreýnde, Eýranda, Iordaniýada hem Ýemende ýüze çykdy. Ýemeniň paýtagty Saana şaherinde dördünji gün dowam edýän protestlerde çarşenbe güni hökümetiň tarapdarlarynyň hem garşydaşlarynyň arasynda çaknyşyk emele geldi.

Bahreýn hem çaýkanýar

Bahreýnli şaýylar proteste çykdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:03 0:00


Şeýle hem 16-njy fewralda Bahreýniň paýtagtynyň merkezinde müňlerçe şaýylaryň gatnaşmagynda ikinji gün protestler dowam etdi. Bu çykyşlarda polisiýa bilen bolan çaknyşyklarda iki adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

15-nji fewralda ýurduň patşasy Hamad bin Isa Al Halifa halka ýüzlenip eden çykyşyndan soň, polisiýa işgärleri biraz yza çekilip, protestçilere ýowuz çemeleşmegini bes edendikleri aýan boldy.

Patşa heläk bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirip, bu iş bilen bagly derňewiň geçiriljekdigini aýdty. Şeýle hem patşa Hamad bin Isa Al Halifa ýurtda reformalary geçirmegi, şol sanda metbugatyň hem internetiň üstünden hökümet gözegçiligini gowşatmagy wada berdi.

Bahreýniň içeri işler ministri Şeýh Raşed bin Abdulla al Halifa iki protestçiniň öldürilemegine dahyly bolan polisiýa işgärleriniň, bu iş bilen bagly derňew geçirilýänçä, tussag edilendigini mälim etdi.

Bahreýniň sünnülerden düzülen howpsuzlyk güýçleriniň şaýy protestçilerine garşy rehimsizlik bilen hereket etmeginden nagilelik bildirip, ýurduň esasy oppozision “Wefag” atly blogy Bahreýniň parlamentiniň işine boýkot yglan etdi. Şeýle hem bu partiýanyň wekilleri 16-njy fewralda hökümet bilen gepleşiklere başlajakdygyny aýtdy.

Bahreýniň köçelerine çykan demonstrantlar ýurdy 40 ýylyň dowamynda dolandyrýan premýer-ministr şeýh Halifa bin Salman al-Halifanyň wezipesinden çekilmegini talap etdiler. Demonstrantlar mundan başga-da syýasy tussaglaryň azat edilmegini, iş ýerleriniň döredilmegini, hökümet tarapyndan ilatyň jaý üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklary çözmäge has köp goldaw berilmegini talap etdiler. Protestçileriň talaplarynyň ýene biri-de ýurduň parlamentine has köp ygtyýarlyk berilip, täze Konstitusiýanyň kabul edilmegidir.

Bahreýnde ilatyň 70%-e golaýy şaýy musulmanlary bolsa-da, ýurdy sünni musulmanlaryň patşasy dolandyrýar.

1971-nji ýylda Bahreýn garaşsyzlygyny alaly bäri, ýurtda wagtal-wagtal şaýy hem sünni musulmanlarynyň arasynda düşünişmezlikler emele gelýär. Şaýylar özleriniň kemsidilmeginden nägilediklerini aýdýarlar.

Bahreýndäki protestler ABŞ-ny hem alada goýdy. Sebabi bu ýurtda Amerikanyň harby-deňiz güýçleriniň 5-nji floty ýerleşýär. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Filip Krowli bu konfliktde taraplaryň ikisini-de asudalyga çagyryp, ýörite beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG