Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň lideriniň tarapdarlary köçelere çykdylar


Penşenbe güni Liwiýanyň ýolbaşçysy Muammar Kaddafiniň ýüzlerçe tarapdarlary paýtagt Tripolyň köçelerine çykdylar. Olar hökümete garşy aktiwistleriň ýurtda “Gahar-gazap günini” geçirmäge çagyryş etmegine garşy.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasynyň berýän maglumatyna görä, Liwiýanyň resmileri 14 adamy tussag astyna alypdyrlar.

Liwiýanyň “Kuryna”gazetiniň ýazmagyna görä, çarşenbe güni ýurduň Al Baýda şäherinde bolan çaknyşyklarda iki adam ölüpdir. Bu wakalardan soň, regional howpsuzlyk başlygynyň wezipesinden aýrylandygy habar berilýär.

Oppozisiýanyň Web saýtynyň berýän maglumatyna görä, ýurduň Bengazi şäherinde hem protestçiler polisiýa işgärleri bilen çaknyşanda azyndan alty adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG