Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür harbylary «ýykgynçylykly» protestlere ýol bermejegini aýdýar


Müsüriň dolandyryjy harby geňeşi özüniň ýurt ykdysadyýetini ýumurýan iş taşlaýyşlaryň we protestleriň dowam etmegine çydamajagyny aýdýar.

Döwlet telewideniýesi tarapydan ýaýradylan beýanatda iş taşlaýyşlara we protestlere «garşy çykylar» diýilýär.

Bu beýanat müňlerçe protestçi prezident Hosni Mubaregiň häkimiýetden çetleşdirilmeginiň bir hepdeligini bellemek üçin Kairiň merkezine ýygnandan soň çap edildi.

Protestçiler bu çäräni hökümete garşy çykan demonstrantlaryň «Ýeňiş güni» diýip atlandyrdylar we harby hunta müsürlileriň Mubarekden soň hakyky demokratiki reformalary isleýändiklerini ýatlatmagy maksat edindiler.

Oppozisiýa liderleri özleriniň müsür konstitusiýasynyň täzeden ýazylmak prosesinde gyrada galdyrylýandyklaryny aýdýarlar.

Şeýle-de olar syýasy tussaglaryň boşadylmagyny, adatdan daşary ýagdaýyň ýatyrylmagyny we ýakyn geljekde azat we adalatly saýlawlaryň geçirilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG