Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müň atly geçilen ýer – türkmenleriň söwda nokady


"Hazarasp Horezmiň gündogar bölegi bolup durýar» diýlip, taryhy ýazgylarda aýdylýar.
"Hazarasp Horezmiň gündogar bölegi bolup durýar» diýlip, taryhy ýazgylarda aýdylýar.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýüz beren ykdysady kynçylyklar türkmen zenanlarynyň köpüsini öýden çykaryp, gazanç ýoluna atardy. Diňe erkek kişiniň gazanjy bilen güzeran aýlamak çetin bolansoň, türkmen zenanlary hem maşgala eklemegiň ugrunda hallan atdylar. Olaryň köpüsi ýurduň içinde gök we miweli ekin önümlerini satmak bilen meşgullansa, köpüsi mata-marlak söwdasyna ulaşdy.

Owadan egin-eşikler gözläp, bir gün Çyn-Maçyndan çykdylar, bir gün Türkiýeden, Eýrandan, arapdan-şarapdan, gidilmedik ýer galmady. Söwda etmek aýyp däl. Ogurlyk edilmese, ýoldan çykylmasa bolany.

Söwdagär türkmen zenanlarynyň köpüsi haryt gözläp, ýurduň içindäki şäherlerde hem-de goňşy ýurtlaryň serhedinde bolan şäherlerde aýlanýarlar. Olaryň köpüsi Türkmenabat şäheriniň «Dünýä bazar» atlandyrylýan bazaryna gatnaýarlar we ondan-da aňyrraga — söwdagärleriň dili bilen aýdanyňda Hazarasp şäherine barýarlar. Bu şäheriň adyny her kim geň görýär. We onuň manysyny tirip bilmeýärler.

Hazarasp näme many berýärkä?

Eger dünýede bir zat dörän bolsa, taryhda hökman ol hakda ýazgylar bolaýmaly. «Hazarasba gidýäs, Hazaraspdan gelýäs. Ady bir hili şäher. Onuň adynyň näme many berýänini welin bilemzok» diýşip, söwdagärler gürrüň edýärler.

«Horezmiň günortasynda, Jeýhunyň çep kenarynyň günorta-günbatar tarapynda ýerleşen bu şäher azyndan müň ýyl öň hem şeýle ady göterýän eken. Ol häzire çenli şu at bilen ýaşap gelýär» diýlip, arap-pars taryhçylarynyň galdyran ýazgylarynda getirilýär. «Häzir bu şäher Özbegistan respublikasynyň Horezm welaýatynyň bölegi bolup durýar. Ýöne Jeýhunyň çep kenarynda ýerleşenligi üçin Horezmiň gündogar bölegi bolup durýar» diýlip, ýene şol ýazgylarda aýdylýar.

Bu şäheriň adynyň Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň beýleki oba-şäherleri ýaly Türkmenistanda hem tanalýandygy gizlin däl. Sebäbi ýazgymyzyň başynda-da aýdyp geçişimiz ýaly, bu şäher türkmen söwdagärleriniň haryt almaga barýan belli nokatlarynyň biri.

Hijri hasaby bilen 407-nji ýylyň ahyrynda, milady hasaby boýunça 1014-nji ýylda Soltan Mahmyt Gaznawy Horezmiň üstüne ýöriş edýär. Şonda onuň müň atly leşgerden ybarat güýçli goşuny bolupdyr. Häzirki «Hazarasp» diýlen ýerde uly uruş bolupdyr. «Müň at» diýmek pars dilinde «Hezar asb» diýmekdir. «Hezar» —«müň», «asb» — «at» diýmek. Diýmek, häzir «Hazarasp» diýlip, atlandyrylýan şäheriň ady dogry ýazylanda, aýdylanda «Hezarasb» bolmaly.

Arap-pars çeşmelerinde Hezarasb hakda ýene bir wakany ýatlaýarlar, ýagny, bu taryh Soltan Sanjaryň Horezme leşger çekip barşy hakdaky wakalara degişli. Hijri hasaby boýunça 542-nji ýylda, miladynyň 1147-nji ýylynda Soltan Sanjar müň atly goşun bilen bu ýere gelip, Horezmi gabapdyr.

Bu şäher mongol çozuşlary döwründe hem bir duran ýerinde durupdyr. Amol şäherine hem Horezme barýan uly ýoluň ugrunda ýerleşen bu şähere hijriniň 1153-nji ýylynda, milady hasaby boýunça 1740-njy ýylda Nedir şa hem müň atly leşger çekip, Horezme ýöriş etmäge gelende degip geçipdir.

Elbetde, müň atly leşger bilen haýsy patyşanyň bu ýere geleni üçin bu şähere «Hezarasb» («Müň at») adynyň dakylandygy barada taryhçylar bilen dawa etme, ýa-da olaryň ýazyp giden ýazgylaryna pikir goşup-aýyrma niýetim ýok. Halka «Hazarasp» diýen adyň aňyrsynda «Hezarasb» diýen sözüň ýatandygyny we şäheriň adynyň dogry ýazylyşyny ýetirmek isledim.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG