Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti eýranly ministri kabul etdi


21-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň ýöriteleşdirilen 5-nji sergisine we türkmen-eýran biznes-forumyna gatnaşmak üçin wekilçilikli delegasiýa baştutan bolup, Aşgabada gelen Eýranyň söwda ministri Mehdi Gazanfary kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Gazanfaryň sözlerine görä, häzir iki ýurt arasyndaky söwda dolanyşygy dört milliard dollardan geçýär. Ol şeýle-de sergä gatnaşýan Eýranyň kompaniýalarynyň iň täze tehnikalary, enjamlary, gurluşyk materiallarynyň nusgalaryny, durmuş-himiýa önümlerini we beýleki harytlary getirendigini habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti we myhman iki halkyň bähbitlerine bap gelýän özara gatnaşyklary mundan beýläk hem netijeli ösdürmek barada aýtdylar diýip, TDH gullugy maglumatynda belleýär.
XS
SM
MD
LG