Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli janköýerler haýran galdylar


Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşyna geçen ýyl hem esasan zenanlar “janköýerlik edipdiler”.
Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşyna geçen ýyl hem esasan zenanlar “janköýerlik edipdiler”.
20-nji fewralda Abadan şäheriniň stadionynda Aşgabadyň “Altyn asyr” we Ermenistanyň “Gandzasar” komandalarynyň oýny bilen başlanan Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşy dowam edýär.

17-nji gezek geçirilýän bu ýaryşa Ermenistanyň, Eýranyň, Orsýetiň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň milli çempionatlarynyň klublary gatnaşýar.

Abadan şäherinde badalga berlen bu ýaryşyň açylyş dabarasy 21-nji fewralda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçirildi. Açylyş dabarasynyň öň ýanynda Marynyň “Merw” komandasy bilen Orsýetiň ikinji diwizionynda çykyş edýän, Çerepowes şäheriniň “Şeksna” komandalary duşuşdy.

Orsýediň käbir Web saýtlary bu duşuşykda futbol janköýerleriniň 35 müňüsiniň tomaşa edendigi barada habar berdiler. Hususan-da, Orsýetiň futbol portaly onedivision.ru saýtynda muňa aýratyn ähmiýet berlipdir.

Öz şäherinde stadiony doldurup bilmeýän “Şeksnanyň” türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döretmegine bu saýtyň okyjylaryny geň galdyryrandygy olaryň bu maglumat barada goýan kommentariýalaryndan göz ýetirse bolýar.

Türkmen janköýerleri düýbünden tapawutly

30 müň tomaşaça niýetlenen Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň tribunalarynda, dogrudanam, şol gün boş ýer azdy. Emma futbol duşuşygyna hem-de ýaryşyň açylyş dabarasyna tomaşa etmäge gelen adamlar daşary ýurt futbol janköýerlerinden düýbünden tapawutlanýardylar. Olaryň arasynda orta mekdepleriň uly klaslarynyň okuwçylarynyň köpdi. Hatda kiçi klaslaryň okuwçylary hem bardy.

Tribunalarda eli baýdakly, şarly oturdulan çagalara olaryň mugallymlary gözegçilik edýärdiler. Bu çagalara jogap bermeli zenan mugallymlar futbol meýdança seretmän, tribunalardaky oturan okuwçylaryna ýüzleri aladaly seredip, olardan öz ýerinden galman oturmaklaryny talap edýärdiler. Okuwçylarynyň käbirlerini gözläp ýören mugallyma hem duşmak seýrek ýagdaý däldi.

Käbir mugallymlar ellerinde baýdaklary bolan okuwçylara haçan baýdaklaryny galgatmalydygy barada görkezme berýärdiler. Beýleki okuwçylar hem boş oturanokdylar. Olar gerek ýerinde gygyrmalydylar, şowhun döretmelidiler. Tribunalarda üşäp oturan okuwçylar mugallymlarynyň bu tabşyrygyny uly höwes bilen ýerine ýetirýärdiler.

Mekdepden aç gaýdan okuwçylar futbol duşuşygynyň öň ýanynda hem-de ondan soň Olimpiýa stadionynyň golaýyndaky “Parahat” mikroraýonynyň bazaryndaky köp-sanly fast fudlara hem ýöriş etdiler. Fast fudda iýer ýaly zat satyn almaga mümkinçiligi bolmadyklar azyk dükanlaryndan arzan bulkalardyr kökeleri ýa-da iň bolmanda buhanka çöregini satyn aldylar.

Şeýle kartinany Olimpiýa stadionynda islendik bir köpçülikleýin çäre geçirilende synlamak bolýar. Stadionyň golaýyndaky gazet-žurnallaryň satylýan kiosklarynda hem bu çärä gatnaşan okuwçylaryň yzy bar. Stadionyň tribunalarynyň oturgyçlary hapa bolansoň, olar kiosklarda geçmedik köne gazetleri hem satyn alypdyrlar.

Stadionyň bu aýratynlygyndan habary bolmadyk bu çärä tomaşa etmäge gelen käbir uly ýaşly tomaşaçylar okuwçylardan gazetiň bir bölejigi bilen paýlaşmaklaryny haýyş edýärdiler. Stadiona gelen tomaşaçylaryň arasynda käbir döwlet-edara kärhanalarynyň işgärleri hem bar. Emma olaryň arasynda erkek adamlaryň sany az.

Futbol erkek adamlaryň uly höwes bilen tomaşa edýän oýny. Zenanlaryň futbola bolan biparhlygy barada ençeme anekdotlaram bar. Ýöne, muňa garamazdan, bu duşuşyga tomaşa edýänleriň arasynda kämillik ýaşyna ýeten erkek adamlar azdy. Elbetde, gürrüň bärde stadionda howpsuzlygy üpjün etmeli howpsuzlyk gulluklarynyň köp sanly işgärleri barada gidenok.

19-njy fewralda baýdak baýramyna bagyşlanyp geçen çäre bilen deňeşdireniňde howpsuzlyk gulluklarynyň işi bu gezek biraz ýeňilleşene meňzeýär. Stadiona girlende barlag edilenok. Metal detektorlar hem goýulmandyr.

Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara ýaryşy 28-nji fewralda sagat 17.00-da Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda final oýny bilen tamamlanar.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG