Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hatamy eýranly oppozisionerleriň azat edilmegine çagyrýar


Ýekşenbe güni Eýranyň ozalky prezidenti Muhammed Hatamy ýurduň iki sany tanymal oppozisiýa lideriniň öý tussaglygyndan azat edilmegine çagyryş etdi.

Eýranyň oppozisiýa liderleri Mir Husseýin Mosawi bilen Mehdi Karrubi 14-nji fewralda protest çykyşlarynyň gurnalmagyna çagyryş edip çykyş edenleri bäri öý tussaglygynda saklanýarlar.

Soňky günler protestçiler bu iki oppozisiýa lideriniň azat edilmegine çagyryş edip, ýurduň dürli şäherlerinde demonstrasiýa geçirdiler. Munuň özi geçen ýylyň tomsunda prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine garşy protest bildirilip geçirilen demonstrasiýalardan bäri gurnalan iň uly protest çykyşlary hasaplanylýar.

Eýranyň hökümete tarapdar käbir konserwatiw toparlary Mir Husseýin Mosawi bilen Mehdi Karrubiniň jezalandyrylmalydygyny we hatda olaryň ölüm jezasyna höküm edilmelidigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG