Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Ýewropada Liwiýa çärelerini ugrukdyrmakçy


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillary Klinton duşenbe güni Ženewada Liwiýa krizisi babatda görülmeli halkara çäreleri ugrukdyrmak üçin Ýewropadaky esasy ýaranlary bilen duşuşýar.

Şeýle-de Klinton BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde çykyş eder. Bu geňeşiň agzalary Liwiýanyň mundan beýläk BMG-niň iň ýokary adam hukuklary guramasynda saklanmagyny islemeýändiklerini aýdýarlar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi eýýäm Liwiýa garşy sanksiýalar tapgyryny girizdi. Bu sanksiýalar liwiýa lideriniň ýakyn töwereklerine syýahat gadaganlygyny girizýär, olaryň emläklerini doňdurýar.

Şeýle-de ol sanksiýa Liwiýa garşy ýarag embargosyny girizýär we asuda ilatdan öldürilen 2,000 çemesi adam üçin Kaddafiniň işiniň Halkara Jenaýat suduna geçirilmelidigini aýdýar.

Liwiýanyň protest ýolbaşçylary ýekşenbe güni Muammar Kaddafiniň dolandyryşyndan azat edilen şäherlerde özleriniň geçiji «milli geňeş» döredendiklerini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG