Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain taryhy ‘ruslaşdyrylýar’


Ukrainanyň mundan ozalky hökümetiniň ýolbaşçylygynda ýurduň okuw programmasynyň 5-nji klasyň taryh kitabynda 2004-2005-nji ýyllaryň Mämişi rewolýusiýasy gudrat diýlip atlandyrylypdy.
Ukrainanyň mundan ozalky hökümetiniň ýolbaşçylygynda ýurduň okuw programmasynyň 5-nji klasyň taryh kitabynda 2004-2005-nji ýyllaryň Mämişi rewolýusiýasy gudrat diýlip atlandyrylypdy.
"Bir Ukraina – bir taryh" diýen şygary geçen aýda Kiýewiň merkezi böleginiň ähli ýerlerinde görmek bolýardy. Emma bu taryh nämeden ybarat?

Bir ýyldan sähel azrak wagt mundan öň prezident Wiktor Ýanukowiçiň hökümeti bäşinji klasyň taryh boýunça okuw kitaplaryna gaýtadan seredipdi. Bu iş Ukrainanyň taryhynyň käbir esasy wakalaryna, şol sanda 2004-2005-nji ýyllaryň rewolýusiýasyna degişli maglumatlary aýyrmak maksady bilen edilipdi.

Synçylaryň pikirine görä, Ukrainanyň häzirki hökümetiniň ýurduň taryhyna täzeçe çemeleşmek we uniwersitetleriň özbaşdaklygyny çäklendirmek boýunça ädýän bu ädimleri, ýurduň bilim pudagynyň ugruny Günbatardan ters tarapa öwrüp, Orsýetiň bilim sistemasyna gabatlaşdyrmak boýunça synanyşykdyr.

Girizilen üýtgetmeler


Ukrainanyň mundan ozalky hökümetiniň ýolbaşçylygynda ýurduň okuw programmasynyň 5-nji klasyň taryh kitabynda 2004-2005-nji ýyllaryň rewolýusiýasy gudrat diýlip atlandyrylypdy. “Istoriçna Prawda” gazetiniň baş redaktory Wahtang Kipiýaniniň sözlerine görä, şol rewolýusiýanyň şeýle häsiýetlendirilmegi obýektiwligi ýoýýar, emma rewolýusiýany äsgermezlik hem dogry däl.

Häkimiýet başyndaky “Regionlar partiýasynyň” agzasy, kanun çykaryjy we parlamentiň Bilim we Ylym boýunça komitetiniň wekili Maksym Lutskiý bolsa üýtgetmeleri goldaýar. “Öjükdirijileriň ýurdumyzda eden etmişleri üçin bu rewolýusiýa taryhymyzdan ýok edilmeli” diýip, Lutskiý belleýär.

Gaýtadan garalan okuw kitaplarynyň mazmunyndan, hususan-da, nasistik Germaiýanyň we Sowet goşunlarynyň garşysyna göreşen UPA, ýagny Ukrainanyň gozgalaňçylar goşuny barada maglumatlar aýryldy. Ukrainanyň watanperwer wekilleriniň sowet häkimiýetleri tarapyndan yzarlanyşy baradaky maglumatlar hem ýok edildi.

Wiktor Ýanukowiç geçen aýda eden çykyşynda “Biz Ukrainanyň taryhyndan hiç zady öçürmeris” diýipdi.

Orsýetiň garaýşyna ýakyn

Emma ýurduň taryhynyň käbir pursatlaryna degişli wakalar baradaky maglumatlar Moskwanyň taryhy wersiýasyna ýakyn görnüşde gaýtadan ýazyldy. Hususan-da, 1932-1933-nji ýyllarda millionlarça ukrainleriň ölümine sebäp bolan Golodomoryň Iosif Stalin tarapyndan emeli ýagdaýda döredilen açlykdygy barada berilýän taryhy maglumatlardan “emeli” diýen söz aýryldy. Bu Ukrainanyň kanunlarynda Golodomoryň ukrain halkyna garşy edilen genosiddigi baradaky düşündirişe ters gelýär.

Orsýet Golodomoryň ukrain halkyna garşy etnik gyrgynçylygy bolanlygyny ret edip, munuň şol döwrüň oba-hojalyk syýasatynyň weýran ediji netijesi bolanlygyny öňe sürýär.

5-nji klasyň okuw kitaplarynyň awtorlarynyň biri Wiktor Musan kitaby gaýtadan ýazmak boýunça 20-ä golaý rekomendasiýalaryň edilenligini aýtdy. “Ukrainskaýa Prawda” gazetine görä, şol rekomendasiýalaryň aglaba köpüsi Orsýetiň Ukrainadaky syýasatyna degişlidi.

Emma Ukrainanyň Bilim ministrligi taryh kitabyny gaýtadan ýazmak işine öz gatnaşygyny ret edýär.

Alymlar taryha syýasy ýolbaşçylaryň goşulmagyna tankydy garaýarlar. “Alymlarda geçmişe garamak we bolan wakalara tankydy çemeleşmek üçin erkinlik bolmaly” diýip, Lwowda ýerleşýän Ukrainanyň Katolik Uniwersitetinden Garwardda bilim alan Boris Gudziak aýdýar.

Gudziagyň bellemegine görä, Ýurduň Bilim ministrligi taryh kitaplarynyň Orsýetiň taryha garaýşyna gabat getirmegi teklip edýär, Stalin döwrüne degişli tankytlary gowşadýar we Sowet Soýuzynyň höküm süren ýyllaryna ösüş döwri hökmünde garaýar.

Aleksa Çopiwski kiýewli žurnalist. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG