Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagyň göwsündäki metjit


Parawbibi metjidi
Parawbibi metjidi
Serdar (ozalky Gyzylarbat) şäherinden 20 kilometr daşlykda dagyň gujagynda ýerleşýän Parawbibi metjidi, öwlüýäsi biziň günlerimizde ildeşlerimiziň köp gelýän keramatly ýerleriniň biridir. Bu ýerde häzir zyýaratçylar üçin amatly şertler döredilendir. Ýöne men bu blogumda olar barada däl-de, metjidiň taryhy barada söz açmakçy.

Eýsem, ony näme üçin dagyň gap bilinde gurdukalar? Munuň sebäbi dindarlaryň arasynda Allanyň öýüne näçe azap, kynçylyk çekip, pyýada ýöräp barsaň, şonça-da sogaby zyýat bolýarmyş diýen ynanjyň barlygynda bolaýmasyn? Ýa-da başga sebäpleri barmyka?

Kesgitli jogap bermek kyn. Taryhy çeşmeleriň habar bermegine görä, Orta asyrlarda häzirki Paraw obasynyň ýerinde Feraba diýen şäherjik bolupdyr. Ony Gündogaryň beýik danasy al-Farabynyň dogduk mekany diýip hasaplaýanlaram bar.

Ine, şol Paraw galasynyň düýbi Tahyrlylaryň dinastaýiasyndan bolan, 830-844-nji ýyllar aralygynda häkimlik eden Abdulla ibn Tahyr tarapyndan tutulypdyr.

Merhum akademik Ýegen Atagarryýewiň belleýşi ýaly, bu gala, bir tarapdan, çarwalaryň dag etegindäki obalaryň üstüne ýygy-ýygydan edýän çozuşlaryny serpikdirmek üçin hyzmat etse, ikinji tarapdan, Horezm bilen Horasanyň arasyndaky söwda mekanlarynyň biri bolupdir. Şol wagtlar Parawda durmuş gaýnap joşupdyr, galanyň içinde akaba suw bolupdyr. Onuň ilaty bolsa müň adam çemesi eken. Parawyň 10-11-nji asyrlarda söwda we ykdysady taýdan ösen şäherjikleriň biri bolandygyny şol ýerden tapylan kümüş pullar hem şaýatlyk edýär.

Dagdaky metjit hem, meniň pikirimçe, Parawyň gülläp ösen döwürlerinde gurlan bolmaly. Ak metjit dagyň gursagyna dakylan ak gülýaka ýaly, oňa täsin gözellik çaýýar. Ony ak gupba meňzedýänler hem mamla.

Parawbibi barada il arasynda rowaýatlar bar. Şolaryň birinde aýdylyşyna görä, ol ýerli häkimiň gyzydyr. Parawbibi ulugyz wagtynda obanyň üstüne kese ýerli ýagy çozanmyş. Oba adamlary bilen birlikde ol hem daga tarap gaçyp, ondan delalat isläpdir. Emma onuň bilen bäsleşip ýören bir obadaş aýaly oňa içigaraçylyk edip, gyzy duşmanyň eline berjek bolanmyş. Parawbibi duşmanyň goluna düşmejek bolup, öwlüýäden dagyň içine girip gidenmiş. Bu tekrarlamanyň esasynda ýadygärligiň sekiz diwarynyň birinde gös-göni gaýa baryp direýän koridoryň bardygynyň ýatan bolmagy ähtimaldyr.

Duşmanyň gahryndan gaçan,
Gara dagdan gapy açan,
Jennetiň törüne geçen,
Parawbibi, senden medet!


Ine, Parawbibini keramatly ýer hasaplap, derdine derman, kalbyna teselli gözläp gelýän zyýaratçylar bu metjide şeýreräk sözler bilen gadam basýarlar.

Parawbibi metjidi gündogar arhitekturasynyň kämil nusgalarynyň biri. Onuň dag şertlerinde gurlandygyny nazarda tutsaň, adam eliniň gudratyna haýran galýarsyň.

Ak metjit dagyň göwsünde aklygyň, halallygyň nyşany ýaly bolup otyr. Ol alyslardan gara daglaryň fonunda ak kepderä-de meňzemän duranok. Göwnüňe bolmasa, metjidiň binýady ussat suratkeşiň çeken kämil şekilinden göçürilip gurlan ýaly.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG