Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň sahawat konsertinden gelen pullar ýitirim boldy


Putin pianinoda saz çalyp we aýdym aýdyp, köpleri geň galdyrypdy, Sankt-Peterburg, 10-njy dekabr 2010-njy ýyl.
Putin pianinoda saz çalyp we aýdym aýdyp, köpleri geň galdyrypdy, Sankt-Peterburg, 10-njy dekabr 2010-njy ýyl.
Orsýetiň hökümeti ýakynda Sankt-Peterburg şäherinde haýyr-sahawat fondy üçin gurnalan konsertden gelen girdejileriň ýitirim bolandygy barada peýda bolan soňky magtlumatlary derňeýändigini mälim etdi.

Sankt-Peterburg şäherinde gurnalan bu çärede premýer-ministr Wladimir Putin hem pianinoda saz çalyp we aýdym aýdyp, köpleri geň galdyrypdy.

On ýyldan gowrak mundan ozal häkimiýet başyna geleli bäri Wladimir Putin harby uçarda uçmak, biline çenli ýalaňaçlanyp at çapmak ýa-da göreşijiler bilen bil tutuşyp, olary agdaryp urmak ýaly çykyşlary bilen ýygy-ýygydan döwlet telewideniýesinde peýda bolup gelýär.

Köp adamlar edermen erkek adamyň sypatyndaky Putiniň bu obrazynyň onuň Orsýetiň milli lideri hökmünde kabul edilmeginde möhüm rol oýnaýandygyny aýdýarlar.

Orsýetde köp raýatlar W.Putini 2008-nji ýylda prezidentlik wezipesinden gidendigine-de garamazdan, iş ýüzünde onuň henizem döwlet dolandyryşyny amala aşyrýandygyna ynanýarlar.

Ýöne, beýleki tarapdan, Orsýetiň telewideniýesinde Wladimir Putiniň “ýumşak” taraplarynyň görkezilen gezekleri-de bolupdy. Mysal üçin, telewideniýede onuň surat çekýändigi ýa-da, aýdaly, dekabr aýynda rak keselinden we käbir beýleki kesellerden ejir çekýän çagalar üçin pul toplamak maksatdy bilen geçirilen haýyr-sahawat konsertinde Putiniň pianino çalyp we aýdym aýdyp eden çykyşy-da görkezildi.

Bu konsertde Putin zaly dolduryp oturan tanymal syýasatçylaryň, biznesmenleriň we artistleriň öňünde iňlis dilinde “Blueberry hill” atly jazz aýdymyny aýtdy. Zalda oturanlaryň arasynda bolsa Kewin Kostner, Gerard Depardýu, Goldi Hown we Şaron Stoun ýaly tanymal sahna we kino ýyldyzlary-da bardy. Golliwudyň aktýorlary Putiniň aýdymyna el çarpyp, özleri-de onuň aýdymyna goşuldylar.

Barmaly ýerine barmandyr


Ýöne bu wakadan kän wagt geçmän, bu haýyr-sahawat konsertinden alnan pullaryň öz barmaly ýerine, ýagny, keselhanalara asla barmandygy barada maglumatlar peýda boldy.

Bu faktyň ýüze çykmagyna bolsa orsýetli bir enäniň öz agyr syrkaw haldaky çagasyny bejertmek üçin bu haýyr-sahawat fondunyň puly bilen gyzyklanmagy sebäp boldy. Internet arkaly ýaýradan öz açyk hatynda bu zenan “Konsertden öňem, soňam ondan toplanan puluň keselhanalara beriljekdigi barada köp gürrüňler bolupdy. Indi bolsa hiç kim hiç zady wada bermedik ýaly bolup çykdy” diýip ýazypdyr.

Bu barada peýda bolan maglumatlaryň yzy bilen Orsýetiň Ministrler Kabinetiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow “Interfaks” habar agentligine beren interwýusynda internetde peýda bolan maglumatlardan Putiniň habarlydygyny, ýöne konsertiň guramaçylyk işlerine Putiniň özüniň asla dahylly däldigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, Dmitriý Peskow konsertden gelen pullara kimiň serenjamlyk edýändigini aýtmakdan saklanyp, bu ugurda edilen işlerden hökümetiň doly kanagatlanýandygyny aýtmak bilen çäklendi.

Sankt-Peterburgdaky bu haýyr-sahawat konsertini gurnan Orsýetiň haýyr-sahawat Federasiýasy Newsru.com habar saýtyna beren maglumatynda bu Federasiýanyň hiç hili maliýe işlerine jogap bermeýändigini we diňe konserti gurnamak işlerine jogapkärdigini mälim edipdir.

Orsýetiň käbir köpçülikleýin habar serişdelerinde bu gürrüňi edilýän haýyr-sahawat çäresinden toplanan maliýe serişdelerine orsýetli ozalky tanymal sazanda Wladimir Kiselýowyň serenjamlyk edýändigi barada maglumatlar peýda boldy.

Ýöne Wladimir Kiselýow hem habarçylaryň beren soragyna “Hiç kim size hiç hili maglumat bermez. Haýyr-sahawat Federasiýasy öz etmeli işini edýär, sizem öz etmeli işiňizi ediň” diýip, jogap beripdir.
XS
SM
MD
LG