Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongressiň agzasyna hüjüm eden özüniň günäkär däldigini aýdýar


Birleşen Ştatlarda alty adamy öldürmekde, şeýle-de Amerikanyň Kongressiniň agzasy Gabriel Giffordsy agyr ýaralamakda we beýleki jenaýatçylyklarda aýyplanýan Jared Li Lofner özüniň günäkär däldigini aýdýar.

Ol bu barada Amerikanyň Arizona ştatynda geçýän sud diňlenşiginde yglan etdi.

Bu sud diňlenşiginde Jared Li Lofneriň psihiki ýagdaýy seljerildi. Onuň aklawçylarynyň aýtmagyna görä, ol psihiki näsazlykdan ejir çekýär.

Jared Li Lofner 8-nji ýanwarda Arizona ştatynyň Tuskon şäherinde adamlara garşy ot açmakda aýyplanýar.

Şol wakada alty adam, şol sanda federal sudýa hem öldi, şeýle-de 13 adam ýaralandy. Ýaralananlaryň arasynda ýurduň Kongressiniň agzasy hem bar.
XS
SM
MD
LG