Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýniň hökümeti goňşy döwletlerden kömek sorady


Bahreýn ýurtda kadaly ýagdaýy döretmek üçin Pars aýlygyndaky goňşy döwletlerinden kömek sorady.

Bahreýniň mediasynyň we "Al-Arabiýa" telekanalynyň berýän maglumatyna görä, Pars aýlagynyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň harby güýçleri Bahreýne ugradylar.

Bahreýn Patyşalygynda, geçen aý protestçileriň köçelere çykmagy sebäpli, durnuksyzlyk henizem dowam edýär.

Bahreýniň şaýy musulmanlary azlykdaky sünni monarhiýasyna garşy protest geçirýärler.

Pars aýlygynyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň düzümine Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Kuweýt, Katar, Oman we Bahreýn girýär.

Gowşan käbir maglumatlara görä, Bahreýne Saud Arabystanynyň 1,000-den gowrak esgerleri giripdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG