Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen futbolçylary aziýaly toparlar bilen duşuşarlar


14-nji martda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň baş edarasy ýerleşýän Kuala Lumpurda bu konfederasiýanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda geçiriljek ýaryşda oýnajak toparlar belli boldy. Olar 4 komandadan ybarat 3 topara bölündiler.

Bu ýaryşda Türkmenistandan balkanabatly öňki “Nebitçi”, häzirki “Balkan” komandasy oýnar. Ol “C” toparda Nepalyň, Taýwanyň, Pakistanyň komandalary bilen bäsleşer. Bu toparyň oýunlary Nepalda bolar.

Aziýanyň futbol konfederasiýsynyň prezidentiniň kubogy almak ugrundaky ýaryşlara 12 ýurduň futbolçylary gatnaşarlar. Olaryň arasynda Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň komandasy hem bar.
XS
SM
MD
LG