Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada protestçiler IIM-niň binasynyň öňünde ýygnandylar


Çarşenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskda onlarça adam Içeri işler ministrliginiň binasynyň öňünde ýygnandylar. Olar syýasy tussaglaryň azat edilmegini talap etdiler.

Ýurduň howpsuzlyk güýçleri protestçileri dargatmak üçin göz ýaşarydyjy gaz ulandy. Şaýatlaryň aýtmagyna görä, ençeme protestçi tussag edilipdir.

Sişenbe güni 40-dan gowrak adam Damaskda hökümete garşy şygarlary gygyryp, ýöriş geçirdiler. Bu prezident Başar al-Assada garşy geçirilen ilkinji protest hökmünde häsiýetlendirilýär.

Al-Assad Siriýanyň häkimiýetini öz kakasyndan 11 ýyl mundan ozal alypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG