Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan resmileri türkmen DIM-de gepleşik geçirdiler


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Merkezi Aziýadaky diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylaryndan, Britaniýanyň ministrlikleriniň ýolbaşçylaryndan we bilermenlerden ybarat bolan wekilçilikli delegasiýalar bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda iki taraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen Turkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek meselelerine seredildi.

Diplomatlaryň bellemeklerine görä, Britaniýa Türkmenistana ygtybarly we perspektiwaly hyzmatdaş hökmünde garaýar we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.
XS
SM
MD
LG