Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çopan goşuna duýdansyz saparmy ýa?!.


Berdimuhamedow Ruhabat etrabynyň «Garagum» daýhan birleşiginiň çopany Saparmyrat aganyň çopan goşunda nahar bişirýär, 14-nji mart.
Berdimuhamedow Ruhabat etrabynyň «Garagum» daýhan birleşiginiň çopany Saparmyrat aganyň çopan goşunda nahar bişirýär, 14-nji mart.
14-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ruhabat etrabynyň «Garagum» daýhan birleşiginiň çopany Saparmyrat aganyň çöl içindäki goşuna duýdansyz sapar edendigini ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dabara bilen halka ýetirdiler.

Ýöne görkezilen sýužetden soň, bu saparyň duýdansyzlygyna ynanmak juda kyn. Saparmyrat aganyň çopan eşiginde däl-de, geýnüwli durmagy köplerde onuň çopandygyna bolan şübhäni döretdi. Döwlet baştutanynyň baran çopan goşy örän owadan dikilen gara öý, onuň diwaryndan süýt reňkli, teke gölli gymmat baha haly asylypdyr. Ýere owadan gülli keçe, haly ýazylgy dur. Çopan goşunyň saçagynda düýe çal, pomidor, hyýar, bulgar burç, ýagly gowurdak goýlupdyr. Garaz, şol ýerde guşuň süýdi diýseňem tapdyrjak.

Fotosýužet: Berdimuhamedowyň çöl içindäki çopan goşuna saparyndan pursatlar



Haýran galmaly zat, çopanyň jany hasaplanýan taýagy, horjuny, oýlugy görkezilmedi. Köpler goşda düýe çalyň bardygy üçin sagylýan köşekli-düýe görmek islediler, emma çopan goşunyň çar-tarapy görkezilenem bolsa, hiç kimiň köşekli-düýä gözi düşmedi.

Özüni Yklym diýip tanadan gumly çopan: “Häzir gum içinde, gara öýli, haly-palasly, düýe çally ýekeje çopan hem ýok. Özüne göwni ýetýän çopan gowurdak atylan çaý çorba ýa aşly-soganly türkmen çorba iýer. Bergi-borçdaky çopanlar bolsa çigit ýaga jazlap, aş-kartoşka iýip bilse, armany bolmaz. Öz zähmetine ýaşaýan çopanyň 1 kilogramyny 3-4 manatdan hyýar-pomidor, 8-9 manatdan bulgar burç alyp bilmejegi köre hasa. Şonuň üçinem prezidentiň çopan goşuna barmagy ýörite gurnalan bolmaly” diýýär.

«Ýaşlyk» şäherçesinden bolan Nazar çopan bolsa: “Saparmyrat çopanyňky ýaly ojary basyp goýýan çopanyň ýanyna garaşylmadyk ýerden ekologiýa gözegçileri geläýse, tebigata kast eden hökmünde oňa azyndan täze puldan 200 manat jerime salar” diýýär.

Dogrudanam, ojar-a däl, goýunlara agyl ýasamak üçin odun ýygýan çopanlara-da üstünden düşülse, jerime salynýandygy hiç kim üçin syr däl. Ýurtda şeýle düzgün barka çopan goşunda ojar odunynyň ep-eslisiniň basylyp goýlanlygynyň görkezilmegi haýran galarlykdyr.

Elli ýyllap çopançylyk eden Meret aga bolsa: “Prezident çopandan näçe goýnunyň baryny soranda, çopanyň: “500 - 300-si ýoz, 200-si ene goýun” diýmegi meni haýran galdyrdy. Sebabi daýhan birleşiklerinde goýunlar ene, ýoz, erkek goýun diýen birsydyrgyn topara bölünip bakylanda, diňe şonda dowardarçylykdan girdeji alyp bolýar” diýdi.

Umuman, prezidentiň duýdansyz saparlarynda ilat üçin geň-taňlyklar örän kän, ol saparlarda prezident bilen duşuşýan adamlar problemalar hakynda welin dil ýarmaýarlar, olar döwlet baştutanynyň islendik sowalyna “hawa” diýip, tassyklaýjy baş atýarlar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG