Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mohamed bin Hammam FIFA-nyň prezidentligine dalaş etmekçi


Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň başlygy Mohamed bin Hammam FIFA-nyň, ýagny Bütindünýä futbol federasiýasynyň prezidentligine öz kandidaturasyny goýjakdygyny mälim etdi.

"Futbola bolan söýgim we höwesim, şeýle-de biziň oýunlarymyzyň adalatly geçirilýändigine ynanmak bilen, men 2011-nji ýylyň 1-nji iýunynda geçiriljek FIFA-nyň prezidentlik saýlawlaryna öz kandidaturamy goýmak kararyna geldim” diýip, Mohamed bin Hammam anna güni Kuala Lumpurda çykyş etdi.

Mohamed bin Hammam bu orun uçin FIFA-nyň häzirki prezidenti, 75 ýaşly Stepp Blatter bilen bäsleşer.

61 ýaşly katar multimilliarderi Mohamed bin Hammamyň bellemegine görä, Blatteriň 13 ýyllyk prezidentliginden soň, FIFA-da reformalary geçirmegiň wagty gelipdir.

Mohamed bin Hammam 2002-nji ýyldan bäri Aziýanyň Futbol konfederasiýasyna başlyklyk edip gelýär.
XS
SM
MD
LG